Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Staliniň agtygy Aleksandr Burdonskiý 75 ýaşynda aradan çykdy


Aleksandr Burdonskiý
Aleksandr Burdonskiý

Sowet diktatory Iosef Staliniň agtygy, teatr direktory Aleksandr Burdonskiý 75 ýaşynda aradan çykdy.

Russiýanyň armiýasynyň Merkezi teatrynyň resmileri Burdonskiýniň köp wagt bäri dowam eden ýürek näsazlyklary zerarly 24-nji maýda Moskwada ýogalandygyny aýtdylar. Burdonskiý agzalýan teatrda ençeme ýyl bäri işleýärdi.

Onuň kakasy Wasiliý Stalin Iosef Staliniň ogludy. Sowet howa güýçleriniň leýtenanty Wasiliý Stalin diktator aradan çykandan soň, 1953-nji ýylda birnäçe ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol 1962-nji ýylda ýogalypdy.

Burdonskiý ejesi Galina Burdonskaýanyň familiýasyny ulanýardy.

Ol teatrda işlän döwri 20-den gowrak oýnuň direktory bolupdy. Burdonskiý Russiýa federasiýasynyň halk artisti diýen ada hem mynasyp bolupdy.

XS
SM
MD
LG