Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Aýlyg-a berlenok, abuna-da ýazylmaly!"


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň käbir işgärleriniň öz zähmet haklaryny indi üç aý bäri alyp bilmeýändigini, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri habar berýärler.

Aýdylmagyna görä, “Türkmennebit” döwlet birleşiginiň Balkanabatdaky edaralarynyň işgärlerine indi üç aý bäri, Balkan welaýatynyň öňki Gyzylarbat - häzirki Serdar, öňki Gazanjyk - häzirki Bereket etraplaryndaky orta mekdepleriň mugallymlaryna indi iki aý bäri aýlyk haklary berilmeýär.

Şeýle ýagdaý Aşgabat şäheriniň 1-nji, 11-nji we 3-nji Saglyk öýlerinde hem dowam edip, bu ýerde işleýän käbir lukmanlar, şepagat uýalary we beýleki işgärler mart we aprel aýy üçin, aýlyk haklaryny henize çenli alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Aşgabadyň 47-nji, 48-nji, 51-nji we 55-nji orta mekdepleriniň käbir mugallymlary we beýleki işgärleri bolsa, maý aýynyň tamamlanyp gelýändigine garamazdan, henize çenli aprel aýynyň zähmet hakynyň hem berilmeýändigini aýdýarlar.

“Her gün diýen ýaly mekdep ýolbaşçylaryna ýüzlenip, näme üçin aýlyklarymyz saklanýar, henizem berilmeýär diýsek, ‘Bizem edil siz ýaly, aýlyk alamyzok. Banklar aýlyk-günlügi geçirmäge söz berýär, ýöne entek geçirenoklar’ diýip jogap berýärler” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran 55-nji mekdebiň bir mugallymy aýtdy.

Azatlyk Radiosy döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine aýlyklaryň wagtynda berilmezligi barada maglumat almak üçin, “Türkmenistan”, “Türkmenbaşy” banklary we “Senagatbank”, “Halkbank” bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Häzirki wagt adamlar aýlyklarynyň berilmegine garaşýan mahaly, döwlet edara-kärhanalarynyň, bilim we saglygy saklaýyş edaralarynyň ýolbaşçylary işgärlerden 2017-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin, gazet-žurnallara abuna ýazylmagy we bu baradaky ýörite güwänamany tabşyrmagy talap edýärler.

“Häzir poçta baryp, nagt pul töläp, abuna ýazylmagymyzy we oňa ýazylandygymyz hakyndaky güwänamany işleýän ýerimize tabşyrmagy talap edýärler. Diýlen wagty abuna ýazylmasaň, iş ornuňy ýitirmek bilen ýüzbe-ýüz bolýaň. Onsoň dogan-garyndaşlarymyzdan karz alyp, 120 manat töläp, abuna ýazylmaly bolýarys” diýip, mekdep mugallymy aýdýar.

Türkmenistanda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň zähmet haklarynyň wagtynda berilmezligi bilen bagly ýagdaý indi bir ýyldan köpräk wagt bäri dowam edýär.

Geçen ýylyň ahyrynda, ýagny Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlaryň 2016-njy ýyldaky zähmet haklary doly berilse-de, şu ýylyň fewral aýyndan başlap, aýlyklaryň gijikdirilmegi bilen baglanyşykly ýagdaý gaýtadan ýüze çykdy.

Käbir ekspertleriň pikirine görä, dünýäde energiýa nyrhlarynyň aşak gaçmagy bilen, Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär.

Geçen ýylyň başyndan bäri türkmen häkimiýetleriniň şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek “Aziada-2017” halkara sport ýaryşyny guramalaşdyrmak üçin, ilatdan zorluk bilen pul alýandygy hem habar berilýär. Mundanam başga, nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyklarynyň goşuntgylary ýatyryldy we kiçi biznese goşmaça, dil üstünden salgyt salyndy.

Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Luka Ançeskiniň aýtmagyna görä, Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwri ýurtda ykdysady çöküş howpunyň abanýan pursadyna gabat gelýär we "bu ýurt üçin diýseň aýylganç urgudyr". Ol hökümetiň ýönekeý halky "alada etmeýändigini" hem belleýär.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet mediasy döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň gijikdirilmegi we onuň sebäpleri barada, ilat köpçüligine henize çenli maglumat bermän gelýärler.

XS
SM
MD
LG