Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze sanjym bilen prostatit ölüm howply bolmaz


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Norwegiýanyň alymlary rak keseline garşy täze sanjym oýlap tapypdyrlar. Alymlar ylmy-barlaga 2013-nji ýylda başlapdyrlar. Berlen maglumata görä, ol immun ulgamynyň simulýasiýasyndan peýdalanyp, keselden halas edýän terapewtik bir sanjymdyr. Başgaça aýdylanda, ol sanjym bilen organizmiň hut özi rak öýjüklerini öldürýär.

Geçirilen barlaglaryň netijeleri duş gelnen ýagdaýlaryň ýüzden 77 göteriminde, ol sanjym rak keseliniň çişiniň organizme ýaýramagynyň öňüni alypdyr. Ýagdaýlaryň ýüzden 45 göteriminde bolsa rak keseliniň çişini guraýandygyna şaýat bolnupdyr. Tejribeler dokuz aýdan bäri dowam edýär. Bu wagtyň dowamynda 17 sany näsagyň keseli durnukly ýagdaýa gelipdir, ýagny olaryň organizminde rak keseli togtapdyr.

Birinji tapgyrdaky ylmy-barlaglarda, esasan-da, prostatit rak keselinden ejir çekýän 21 adam synagdan geçirilipdir. Olara immun ulgamyny stimulýasiýa edýän we sagdyn tohumlara hiç hili zyýan bermeýän sanjym edilipdir. Bu tilsim terapiýanyň başgaça täsirlerini çäklendirýändir.

Ylmy-barlaglara ýolbaşçylyk eden hekim Wolfgang Lilleby hassalaryň bu tapgyrda bolan döwründen soň, olaryň adaty ýagdaýda 3-5 ýyl ömür sürýändigini ýatladýar. Hekimler täze sanjymyň rak keseliniň möwjemegini togtadyp, hassalaryň ömrüni hasam uzatmagyny umyt edýärler.

Ylmy-barlagyň esasy sebäbiniň biri-de, onuň ýetirýän goşmaça täsirleriniň hem öwrenilmegidir. Synag mahaly ähli näsaglara standart gormon we radioterapiýa bejergisi berlipdir.

Hassalar üç topara bölünipdir we olara täze sanjym dürli mukdarda berlipdir. Bu ýagdaý alymlara haýsy mukdaryň has gowy täsir edýändigini we şol bir wagtyň özünde goşmaça täsirleri hem iň az derejä ýetirýändigini öwrenmäge mümkinçilik beripdir. "Orta mukdarda berlen sanjym iň ýagşy netijäni berdi" diýip, Lilleby nygtaýar.

Sanjymyň umumy goşmaga täsiri, sanjym edilen ýeriň gögermegi bolupdyr. Ondan daşaryn näsaglarda baş aýlanmagy, ýadawlyk, içgeçme we ýygy-ýygydan buşukmak ýaly ýagdaýlara duş gelinýär. Üç näsagda bolsa allergiýa, gan basyşynyň pese gaçmagy ýaly ýagdaý bolýar. Hekimleriň aýtmagyna görä, garaşylmadyk bu ýagdaýlaryň hötdesinden gelmek aňsat bolýar.

Alymlar birinji tapgyryň oňaýly netijelerine garamazdan, sanjym bazarda satylmaga başlanmanka 10-15 ýyl garaşylmagynyň we ýene-de ençeme synaglardan geçirilmeginiň zerurdygyny nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG