Sepleriň elýeterliligi

Dini taýdan Ýewropada näme bolup geçýär? (barlag)


"Demir haýatlar" sökülip, Sowet Soýuzy dargansoň, ýüze çykan täze garaşsyz ýurtlarda din güýçlenmäge başlapdyr.

"Pew" barlag merkeziniň soňky hasabatyna görä, Sowet Soýuzy wagtynda, ateizmiň ýaýrawly bolan Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda din indi şahsy we milli endikleriň başyny çekmäge başlapdyr. Käbir ýurtlarda bu iki garaýşyň utgaşmagyna öwrülipdir.

Meselem, Russiýada prawoslawlyk "hakyky rus bolmak", Polşada bolsa katoliklik "hakyky polýak" bolmak üçin hökmanylyk hasaplanýar.

Gresiýada prawoslaw ybadathanasy ýurduň Osman imperiýasyndan aýrylmagynda möhüm rol oýnapdyr. Häzirki döwürde ýurduň ýüzden 76 bölegi "hakyky grek" hasaplanmak üçin, prawoslaw bolmagyň ähmiýetlidigini pikir edýär.

Russiýada, Ukrainada we Bolgariýada prawoslawlyk Sowet hökümeti dargandan soň ýaýbaňlanmaga başlaýar.

Çehiýada bolsa düýpgöter başgaça ýagdaý döreýär. 1991-nji ýylda özüni katolik hasap edýänler ýüzden 44 göterim bolan bolsa, 2017-nji ýylda olaryň sany ýüzden 21 göterime peselipdir.

Häzirki döwürde Çehiýa Ýewropanyň iň sekulýar döwletidir. Uly adamlaryň ýüzden 72 göterimi özüni ateist, aknostik ýa-da "özüni hiç zat" hasaplaýar.

"Pew" barlag merkezi 2012-nji ýylda owalky Sowet Soýuzynyň musulman ýurtlary bolan Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan bilen bir hatarda Albaniýada, Bosniýada we Kosowada pikir soralyşyk geçiripdir. Ol pikir soralyşyk dünýädäki 40 musulman ýurtda geçirilýän barlagyň bir bölegini emele getiripdir.

Bosniýa we Gazagystan 2016-njy ýylda pikir soralyşyga goşulypdyr.

2012-nji ýylda geçirilen pikir soralyşykda alnan netije, owalky Sowet Soýuzynyň ýurtlarynyň arasynda musulmançylygyň dünýädäki musulman ýurtlara garalanda pesdigini görkezipdir.

Dürli dinli Bosniýada bolsa musulmanlar prawoslawlar we haçparazlar olara garalanda has köp dindardyr.

2015-nji ýylda 2012-nji ýyla garalanda has köp musulman yslamyň öz durmuşynda has möhüm rol oýnaýandygyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG