Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidentine ýüzlenme - Azatlyk Radiosynyň täze proýekti


Azatlyk radiosynyň gadyrly diňleýjileri we okyjylary,

Biziň redaksiýamyz Sizden köp hat alýar we Siz olarda özüňiziň iň esasy kynçylyklaryňyzdan söz açýarsyňyz. Soňky wagtlarda bu hili hatlar barha köpelýär we Siz aýlyklaryň gijikdirilmegi, işsizlik, her dürli döwlet çäreleri üçin bikanun pul toplanmagy we olara gatnaşmaga mejbur edilişiňiz, daýhanlaryň kyn şertleri, agyz suwunyň hiliniň ýaramazlygy ýaly köp meseleleri gozgaýarsyňyz.

Bu hatlar köplenç öz mazmuny boýunça Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenme görnüşinde ýazylýar. Mysal üçin, Siz, biziň okyjylarymyz “prezident hakykatda halkyň nähili ýaşaýandygyny bilýärmikä?” diýen soragy berýärsiňiz. Azat metbugatyň iň bir wajyp wezipeleriniň biri hem jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky özara gatnaşygy üpjün etmek bolup durýar.

ABŞ-nyň görnükli prezidentleriniň biri Awraam Linkoln bu hili aragatnaşygyň nähili möhümdigini düşündirip, “Goý, halk faktlary bilsin, şonda ýurtda asudalyk bolar” diýipdir. Gadyrly okyjylar, Siziň hatlaryňyza salgylanyp, biz bu pikiriň üstüni ýetirmek isleýäris: “Goý, prezident hem bilsin!”

Azatlyk Radiosy “Hormatly Arkadag” atly täze rubrika başlaýar, biz bu rubrika astynda Sizden gelen hatlary saýtymyzda çap ederis we Siziň Türkmenistanyň ýolbaşçysyna ýüzlenýän hatyňyzy efirde hem okarys.

Eger-de Siziň aýtmak isleýän zadyňyz bar bolsa, bize şu salgy arkaly https://rus.azathabar.com/userupload.html hat ýazyň, wideo ýa-da audio ýüzlenme iberiň.

Şeýle-de Siz Line, imo, WhatsApp, Telegram messenjerleri, şu telefon: +420 724 168 983; +420 773 797 383 elektron poçta adresleri: yusupovf@rferl.org, hat@azatradio.org we webtopary@gmail.com arkaly biz bilen habarlaşyp bilersiňiz.

Facebook, Одноклассники, ВКонтакте, Twitter

XS
SM
MD
LG