Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatly mugallym işlemäge goýulmagyny soraýar


Illýustrasiýa

Arkadaga ýüzlenme

Hormatly prezident Gurbanguly Berdimuhamedow!

Men şu ýylyň 8-nji maýynda – kanuny dynç günümde Aşgabatda işe çykmaly edilen mugallymlaryň biri, işden kowulmakdan gorkup, adymy aýtmaýaryn.

Size maglumat üçin aýtsam, Aşgabat şäherindäki 47, 48, 50, 51, 52, 55-nji mekdepleriň mugallymlary Olimpia şäherçesiniň golaýyndaky ýanýollaryň gurluşyk galyndylaryny, beýleki hapalary ýygnamaga mejbur edilen bolsa, paýtagtyň beýleki etraplaryndaky mekdepleriň mugallymlary hem öz mekdepleriniň töwereginde hapa-haşal otlary goparmaly, aryklary, ýanýollary arassalamaly edildi. Mugallymlarda bu işleri etmek üçin goýberilýän döwlet serişdeleri nirä gidýär diýen sorag döreýär, emma işini ýitirmekden gorkýan adamlar sorag bermekden gorkýar.

Şu we beýleki ýagdaýlar ýurduň mekdeplerinde çagalara berilýän bilimiň derejesini ýyl-ýyldan pese gaçyrýar. Sebäbi, bir tarapdan ýurtda mugallymlaryň mertebesi basgylanýar, olar ýumuş oglany hökmünde, öz kärine-hünärine dahyly bolmadyk işlerde ulanylýar; ikinji tarapdan ýowarlar, çäreler olaryň wagtyny ogurlaýar we elini işden sowadýar. Bu ýagdaý mugallymyň soňy bilen öz hünärine, professional taýýarlygyna sowuk-sala garap başlamagyna, netijede onuň işine bolan yhlasynyň peselmegine getirýär.

Emma bu mesele barada “Mugallymlar gazetinde” ýa beýleki metbugat serişdelerinde gürrüň etmek bolmaýar. Ýogsa, meniň kärdeşlerimiň köpüsi, şol san-da çagasyna gowy bilim bermek isleýän ene-atalar ýowarlaryň we çäreleriň çagalara berilýän bilimiň hiline ýetirýän uly zyýany hakynda aýtmak isleýär. Emma biziň metbugatymyzda diňe bilimdäki problemalar hakynda däl, hiç bir problema barada gürrüň etmek bolmaýar.

Biziň bilim pudagymyzda dowam edýän problemalar, çagalara berilýän bilimiň derejesiniň pes bolmagy diňe mugallymlaryň, ene-atalaryň problemasy däl. Bu ýurduň problemasy, sebäbi wagtynda zerur bilimleri we endikleri öwrenmedik çagalar ertirki gün ýurda ýük bolýar.

Siz 2007-nji ýylda prezident bolanyňyzdan soň ýurtda geçirilýän ýowarlaryň, köpçülikleýin çäreleriň we dabaralaryň sany ýyl-ýyldan köpeldi we olaryň sany barada her ýylyň aýagynda Ministrler kabinetiniň mejlisinde hasabat berilýär. Metbugatda edilýän gürrüňlerden, wise-premýerleriň berýän hasabatlarynda bu çäreler “gowy, oňyn iş” hasaplanýar. Emma olaryň mugallymlaryň, okuwçylaryň näçe wagtyny ogurlaýandygyny, ýurduň ykdysady ösüşini näçe yza çekýändigini hasaplaýan ýok.

Bizde azat bazar ykdysadyýetine geçilendigi aýdylýar. Eger şeýle bolsa, azat bazar ykdysadyýeti şertlerinde wagt – pul bolmaly. Mugallymlaryň, çagalaryň bilime, geljekki nesliň döwrebap adamlary bolup ýetişmegine sarp edilmeli wagtyny köçede durup, el çarpmaga we baýdak galgatmaga sarp etdirmek ozaly döwletiň bilime goýberýän serişdeleriniň uly möçberde ýitirilmegine getirýär.

Gaýtalap aýdýaryn, mugallymlary, okuwçylary okuw we kanikul wagtynda, dynç günlerinde ýowarlara, çärelere sürmek diňe ýurduň bilim pudagyna urulýan zarba däl, eýsem Türkmenistanyň geljegine, ykdysady ösüşine, abadançylygyna urlan zarba bolup durýar.

Soňky on ýylda çagalaryň gatnaşmaly çäreleri, çäreler sebäpli satyn almaly eşikleri, mekdepleriň remonty üçin ene-atalardan ýygnalýan pullar, üstesine, mekdepde geçilýän sapaklaryň barha kän syýasylaşdyrylmagy, bularyň hemmesi birleşip, siziň başlan bilim özgertmeleriňizi püçege çykarýar, raýatlaryň geljege bolan umydyna zarba urýar, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow!

“Aziada-2017” bolsa, mugallymlar, okuwçylar üçin ýene bir goşmaça dert boldy. Mugallymlar, ozalam maşgala eklenjine ýetmeýän aýlyklaryndan Aziada pul geçirmäge mejbur edilýär, çagalaryň okuw wagtlary üýtgedilýär. Bu zatlara hiç kim razy däl, emma adamlar gorkudan dymmaly bolýarlar.

Siz häkimiýet başyna geçip, bilimli, ýokary hünärli adamlary ýetişdirmek, ýaşlara döwrebap bilim bermek barada gürrüň edip başlaňyzda, mugallymlaryň iş sagatlaryny azaldyp, aýlyklaryny köpeldip, okuw ýyllaryny uzaldyp, öňki prezidentiň bilim pudagynda eden ýykgynçylyklaryny düzedip başlaňyzda, biz - mugallymlar begenipdik. Şeýle-de siz başda çagalary syýasy çärelere çekmezlik barada tabşyryk beripdiňiz, emma soň bu zatlaryň ählisi tersine boldy.

Men ýönekeý bir mugallym we çagalary mekdepde okaýan eneleriň biri. Özümi we beýleki mugallymlary, ene-atalary juda alada goýýan zatlar hakynda gysgaça şulary aýtmagy makul bildim.

Hormat bilen, aşgabatly mugallym Oguljahan H.

  • Howpsuzlyk üçin şu soraga jogap beriň. *

XS
SM
MD
LG