Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Soňky jaň dabarasynyň şowhuny pes boldy


Illýustrasiýa

Şu ýyl Aşgabadyň mekdeplerinde 11-nji synpy, ýagny mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin geçirilýän Soňky jaň dabaralarynyň şowhuny öňki ýyllardaky bilen deňeşdirilende pes derejede boldy.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, şu gün paýtagtyň mekdepleriniň tas ählisinde diýen ýaly irden geçirilýän lineýkalar adaty gündäkisiden o diýen tapawutlanman, ses gataldyjy enjamlar hem oturdylmady. Öňki ýyllardaky ýaly mekdepler şardyr, beýleki bezegler bilen bezelmedi.

“Geçen ýyllarda çagasy mekdepde okaýan ene-atalar hem köp gelýärdi. Bu ýyl olaryň sany hem az boldy. Ýene bir zat, öňki ýyllarda Soňky jaň dabarasy geçirilenden soňra, mekdep uçurymlary, ýagny orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar okuwdan boşadylýardy. Köçe durşuna egninden uçurym ýazgysy asylan ýaşlardan dolýardy. Olaryň hemmesem baýramçylyk egin-eşiklerini geýýärdiler. Ýöne şu ýyl şol okuwçylar hem okuwdan boşadylmady. Olardan klasly klasyna girip, okuwyny dowam etdirmek talap edilipdir” diýip, ýazyjy Bugaýew aýtdy.

Ýatladyp geçsek, öňki ýyllarda mekdeplerde okuwyň tamamlanýan güni, ýagny her ýyl 25-nji maýynda geçirilýän Soňky jaň dabarasyna azyndan iki hepde galanda taýýarlyk çäreleri başlanýardy. Onuň çäginde mekdepleriň daşynda ses gataldyjy enjamlar bilen saz goýberilip, Soňky jaň dabarasynda ýerine ýetiriljek aýdymlaryň, tanslaryň repetisiýalary geçirilýärdi.

Bu dabaradan bir gün öň, ýagny 24-nji maýda bolsa, mekdepleriň daşy dürli şarlar we beýleki bezegler bilen bezelýärdi. Şu ýyl ähli mekdepde diýen ýaly şol taýýarlyk çäreleri we bezeg işleri geçirilmedi.

25-nji maýda irden Berdimuhamedow bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine gutlag hatyny ýollady. Türkmen prezidenti öz hatynda “mähriban uçurymlaryň durmuşynda ýatda galjak bu ajaýyp baýramyň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar” diýdi.

Prezident soňky hepdelerde geçiren hökümet maslahatlarynda mekdeplerde geçiriljek Soňky jaň dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini hem belläp geçipdi. Muňa garamazdan, mekdeplerde şu ýylky Soňky jaň dabarasynyň şowhunynyň pes bolmagy we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç bir zat aýdylmaýar.

Ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, bu barada mekdep ýolbaşçylary hem anyk bir zat aýtmakdan saklanýarlar.

“Mekdep ýolbaşçylary ‘biz öňki ýyllardaky ýaly bolmasa-da geçirdik. Bu goşa baýram, Aşgabadyň günem bellenilýär. Ine, şol baýramçylyga-da agşamara biziň mekdep okuwçylarymyz bararlar. Şol ýerdäki baýramçylyga gatnaşarlar. Soňky jaň dabarasy şol ýerde dowam eder’ diýip, başdan sowmarak jogap berýärler” diýip, Bugaýew aýdýar.

Geçen ýyl Soňky jaň dabarasynyň öň ýanynda, mekdep ýolbaşçylary we mugallymlary mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň ene-atalary bilen ýörite duşuşyk geçirip, olardan öz çagalarynyň gapdalynda durup, olara gözegçilik etjekdikleri barada ýörite dil haty alypdylar. Şonda ene-atalar öz çagalarynyň Soňky jaň dabarasyndan soň üýşmeleň edip, restoranda oturmajakdyklary barada hem söz beripdiler.

Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde ýurtda her ýyl 100 müň töweregi oglan-gyzyň orta mekdebi tamamlaýandygy habar berilýär. Emma her ýyl ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýänleriň sanynyň 10 müňe hem ýetmeýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG