Sepleriň elýeterliligi

'Görogly şäherçesinde suw basym bolar diýlenine 4-5 ýyl geçdi'


Şäheriň suw geçiriji sistemasy

Azatlyk Radiosynyň elekton bukjasyna adyny görkezmedik diňleýjimizden gelen hatda Türkmenistanyň Görogly şäherçesinde ilatyň suw bilen üpjünçiligindäki kemçilikler barada habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bu haty “Hormatly Arkadag” rubrikasynda bolşy ýaly çap etmegi makul tapdy.

Görogly şäherçesiniñ töweregindäki obalaryñ ählisiniñ diýen ýaly köçelerini gazyp, agyz suwa niýetlenen ýogyn kawçuk turbalarynyñ güýçli depginler bilen çekilenine eýýäm 4-5 ýyldan geçdi.

Bu çäklerden ençeme ýyllardan bäri akyp duran kanallaryñ gapdalyndan örän ýaramly arassa suwlary berip biljek skwažnylary kakyp obalary bol suw bilen üpjin etmäge giñ mümkinçilikleriñ bardygyna garamazdan: nakylda aýdylşy ýaly..sygryñ guýrugyna gelende pyçak döwýärler diýleni...şunça azaplar edip abat ýollary gazyp zaýalap çekilen turbalary ulanmaýarlar. оña derek bu sebitiñ ýaşaýjylary agyz suwy maşyn arkaly aýlanyp satylýan suwçylardan köçede geljek wagtyna garaşyp ýada öz ulagy bilen arassalanan suw desgasy bar ýerlerden getirmeli bolýarlar ol suwuñ 20 litri 1manat.

Arassalanan agyz suwunyñ 20 litri 1manat elbetde buda oñşugy pes hojalyklara gymmat düşýär.tomus aýlary yssyda agyz suwy köp ulanylýar.

Beýleki hojalyk üçin gerek suwlary bolsa hususy 12-15 metr aralygynda ýere kakylan skwažnylardan hususy suw sorujy nasoslar arkaly alýarlar. Muña bolsa ýylyñ dowamynda ençeme elektrik energiýasy harç bolup, limitden daşary harç edilen elektrik energiýasynyñ epesli bolan tölegini öý eýeleri tölemeli bolýarlar.

Egerde şol ýerasty çekilen suw turbalary talaba laýyk işledilse halk üçinem döwlet üçinem ähmiýetli boljak. bu barada nirä ýüz tutjagyñy hem biler ýaly däl sebäbi basym bolar diýlenine ýokarda görkezşim ýaly 4-5 ýyl geçdi.

Töweregimizden geçýän zeýkeşi ýüzleýräk gazyp ýörler.ýöne şol agyz suw meselesi hem-de hojalyk üçin gerek suwlar turba arkaly gelmese kyn.obalarda tok wagtal-wagtal öçüp durýa şonda banýada ýuwunyp duran bolsañ hasam kyn.

Sebäbi ozalam aýdyşym ýaly näbelli sebäplere görä döwlet tarapyndan uly azap edilip çekilen suw turbalary işledilmeýär.

Indi şu soñky kawçuk turbanam hasaba alsam 3nji gezek şeýle ýagdaýyñ.ýagny ýeri gazyp suw üçin turba taşlap (çekip) onam hiç ulanmaýarlar şol turbalar ýeriñ aşagynda biderek çüýräp gidýär.
Turbany çekseler bolany, ol arkaly akmaly suw bilen hiçkimiñ işi ýok.ýogsam turba çekip ýörkäler basym birnäçe günden suw akyp başlar diýýärler.

Agyz suwam şonýaly meseleden gutylanak.

Suwy maşyn arkaly aýlap satýan suwçy hepdede adatça iki gezek köçeleri aýlanyp satýar.şonuñ geljek wagty öýüñden bir sebäbe görä uzagraga gitseñ soñ gelip özüñe gerek suwy ulagda ýörite gidip getimeli bolýarsyñ.

Bu barada hem aýtsañyz gowy boljak.

25.05.2017

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

  • Howpsuzlyk üçin şu soraga jogap beriň. *

XS
SM
MD
LG