Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okyjy parahorlukdan saplanmak üçin aýlyklary köpeltmeli diýýär


Türkmenistan. Ýol ýakasynda oturan işçiler.
Türkmenistan. Ýol ýakasynda oturan işçiler.

Hormatly Arkadag,

Men şu ýurtda giň ýaýran korrupsiýa we parahorlugyñ esasy sebäpleri hakda gysgaça pikirimi beýan etmekçi.

Birinjiden, ýokary wezipeli ýa orta wezipeli döwlet işgärleriniň özara pyşyrdaşyp aýdyşy ýaly, hakykatdanam döwlet tarapyndan bellenilen aýlyk haklarynyñ (akladyň) az bolmagy.

Esasy sebäp bolýandygyny aýtmak bilen birlikde parahorlyga getiýän ol ýa-da beýleki käbir sebäpleri aradan aýyrmak hakda uly aladalar edilmeli.

Ýagny işi ýerne ýetirşinde parahorlyk alamatlary bolan işgärleriň üstünden edilen şikaýatlara uly üns we çynlakaýlyk bilen çemeleşmeli.

Hut ýokary wezipeli emeldarlaram pyşyrdaşyp: “biziň aýlygymyz beýleki ýurtlar bilen deňeşdireňde hiç zadam däl, aýlygymyza daşary ýurtlarda hiç zat bitirip bolanok, dynç almak üçin ýetenok diýýärler.

Beýleki ösen ýurtlarda bir aýlygyňa bir aý islendik ýerde dynç alyp bolýandygyny aýdýanlar ýurtda gaty ķän.

Ýöne sözümiň esasyny jemläp aýtsam, parany ýatyrmaga ýönekeý raýatlar (daýhanlar, gurlyşykçylar we ş.m) uly kömek edip biljek.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär.

XS
SM
MD
LG