Sepleriň elýeterliligi

Günorta Koreýanyň assosiasiýasy Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmaýar


Illýustrasiýa

Günorta Koreýanyň elektron sport assosiasiýasy (KeSPA) şu ýylyň sentýabr aýynda, Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmajagyny yglan etdi.

25-nji maýda bu assosiasiýa sport ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürmeginiň sebäplerini aşakdaky ýagdaýlar bilen düşündirdi:

  1. Elektron sportlarynyň görnüşleri boýunça ýaryşlar halkara federasiýalary tarapyndan geçirilmeýär, ýagny olaryň geçirilmegi üçin ägirt uly sport çärelerinde bolşy ýaly umumy proseduralar ýok.
  1. Elektron sport çäreleri Milli federasiýalar bilen ylalaşmazdan geçirilýär.

Bu waka ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin elektron sportlarynyň görnüşleri, şol sanda “Hearthstone”, “Dota 2”, “FIFA/NBA” we “Starcraft II” ýaly wideo oýunlary boýunça deslapky synaglar geçirilendigi barada habarlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, Günorta Koreýanyň elektron sport assosiasiýasynyň maglumatynda bu assosiasiýa bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga hem üns çekilip, onda bu ýaryşlaryň soňkusynda KeSPA-nyň Elektron sport çäreleri baradaky halkara federasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk işländigi bellenilýär.

Azatlyk Radiosy agzalýan assosiasiýanyň Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmazlyk baradaky kararynyň Günorta Koreýanyň ähli türgenlerine degişlimi ýa-da däldigi bilen gyzyklanyp, Günorta Koreýanyň Olimpiýa komiteti bilen habarlaşdy.

Bu komitetiň günorta koreýaly türgenleriň Türkmenistana syýahat etmegini guramalaşdyrýan bölüminiň jogapkär resmisi öz ýurdunyň sportsmenleriniň Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşjakdygyny aýtdy.

Ýokarda gürrüňi edilýän meseleler dogrusynda henize çenli Türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan haýsydyr bir kommentariý halk köpçüligine ýetirilmedi.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň başynda Awstraliýanyň Milli olimpiýa komiteti 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna öz türgenlerini ugratmajakdygy baradaky habarlar peýda bolupdy. Şonda Milli olimpiýa komitetiniň metbugat işleri boýunça jogapkär wekili Metýu Bartol munuň sebäplerini Awstraliýanyň türgenleriniň aglabasynyň öz gün tertibini 2018-nji ýyla görä planlaşdyrandygy bilen düşündirdi.

Türkmenistan bu oýunlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde, paýtagt Aşgabatda 157 gektar territoriýany tutýan ýörite olimpiýa şäherçesini gurup, onuň gurluşygy üçin, 5 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini harçlady.

Şeýle-de, “Aziada-2017” oýunlaryna gabatlap, Aşgabatda dünýäniň iň gymmat halkara aeroportlarynyň biri guruldy. Laçynyň şekilindäki bu aeroportyň gurluşygyna 2,3 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi goýberildi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG