Sepleriň elýeterliligi

Türkmensähra türkmenleri Eýran saýlawlarynda üstünlik gazanýar


Türkmensähraly türkmenler

19-njy maýda Eýranda prezidentlik saýlawy bilen bir hatarda oba, şäher mejlisleriniň wekilleriniň hem saýlawlary geçirildi.

Saýlawlarda Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň uly üstünlik gazanandygy, türkmen oturymly ýerleriň hemmesinde türkmen dalaşgärleriniň saýlanandygy habar berilýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Eýrandaky Türkmensähra türkmenleriniň syýasy tejribelerine gönükdirýär.

Gepleşigiň myhmanlary - Ýewropadaky türkmen diasporasynyň wekili Ýusup Gor, Gümmet-Kowus şäherinde ýaşaýan türkmen aktiwisti Ýusup Nurtagany we we medeniýet wekili Kerim Pürmämmet saýlawlarda gazanylan üstünlikleriň Türkmensähra türkmenleriniň durmuşyna ýetirjek täsirleri barasynda öz pikirlerini paýlaşdylar.

Gepleşigi diňläp, öz pikirdir-garaýyşlaryňyzy we tejribeleriňizi ýazyp bilersiňiz.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG