Türkmenistanda ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek boýunça teklipleri seljermek maksady bilen pudagara topar döredildi.
Anna güni düzümi tassyklanan topar ýurduň ykdysady ýagdaýyna analiz berer we ýylyň alty aýynyň netijeleri boýunça geçiriljek giňişleýin mejlise hasabat taýýarlar.
Ykdysady özgertmeler boýunça täze toparyň döredilmegi hökümetde we hukuk goraýjy edaralarda korrupsiýa garşy soňky on ýyldagörülmedik göreşiň yglan edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Ýöne türkmen ykdysadyýetiniň ilkinji nobatda çözülmeli meselelerini anyklamaly topara girýän ykdysatçylaryň kimlerdigi aýdylmaýar.
Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazow täze toparyň, düzümine kim girende-de, soňky 25 ýylda emele gelen ýagdaýda nähilidir üýtgeşiklik döretjegine şübheli garaýar. Ol bu hili komissiýalaryň ozalam göz üçin kän döredilendigini, emma meseläniň ýolbaşçylaryň özündedigini belledi.
Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri azat bazar prinsiplerine gol ýapylýandygy, telekeçilige, hususy pudaga giň ýol açylýandygy tekrarlanýar. Ykdysatçy Orazow bu aýdylýan zatlaryň köplenç gury söz bolup galýandygyny nygtaýar.
Onuň pikiriçe, türkmen hökümeti hakykatda öňki prezident döwründe-de, häzirem hususy pudagy bogup saklaýar. Orazow bu “boguşlygy” hökümetiň ozalam, häzirem adamlaryň gurplanmagyndan, gowy ýaşamagyndan gorkmagy bilen düşündirýär we "şu hili düşünjeli hökümet bar wagtynda ykdysadyýet gowulanyp bilmez" diýýär.
Türkmen hökümetiniň ykdysady reformalar barada aýdýan sözlerine ynamsyz garaýan diňe ykdysatçy Orazow hem däl.
“The Diplomat” neşiriniň awtory Henri Jeýms ‘Türkmenistanyň ykdysadyýeti azat däl we döwlet tarapyndan dolandyrylýar” diýip ýazýar. Onuň pikiriçe, döwlet sowet döwründen bäri hemme zady öz kontrolynda saklajak bolup çytraşýar we bu ýagdaý reforma geçiriljegi barada aýdylýan islendik sözi püçege çykarýar.
“Hakykatda hökümet birjigem yza çekilmek we hususy pudak üçin orun döretmek islemeýär” diýip, Henri Jeýms Türkmenistanyň prezidentiniň maýyň başynda geçirilen söwda ýarmarkasyna gabatlap beren reforma wadalarynyň ozalam kän berlendigini, emma olardan netije bolmandygyny ýatladýar.
“The diplomat” neşiriniň awtory Türkmenistanda giň ýaýran korrupsiýanyň saklanyp galjagyny, daşary ýurt maýadarlarynyň bolsa höweslendirilmejekdigini, şu sebäpden ýurtdan köp maýadaryň, şol sanda Gemaniýanyň “Deutsche Erdoel AG” energiýa kompaniýasynyň gidendigini aýdýar.
Emma muňa garamazdan, ykdysatçy Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, eger türkmen hökümeti dogrudanam ýagdaýy biraz düzetjek bolsa, iň bolmanda Gazagystandan görelde alsa-da bolardy.
Mundan öň Türkmenistan ýurtdaky ykdysady ýagdaý bilen baglylykda Halkara walýuta fondunyň ekspertleriniň geňeş-maslahatlaryny diňledi, emma ol geňeşlerden nähili netije çykarylandygy anyklaşdyrylmady.
Ekspertler Türkmenistanyň, energiýa nyrhlarynyň global arzanlamasy we türkmen gazynyň Orsýet, Eýran ýaly alyjylaryny ýitirmek bilen, garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdýarlar.