Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG: Temmäki diňe saglyga däl, daşky gurşawa-da agyr zyýan ýetirýär


Temmäkiniň ýetişdirilmegi üçin himikatlar, energiýa, suw sarp ediýär, şeýle hem öndürilmegi we ýerleşdirilmegi howanyň hapalanmagyna sebäp bolýar diýip, Bütindünýä saglyk guramasy aýdýar.
Temmäkiniň ýetişdirilmegi üçin himikatlar, energiýa, suw sarp ediýär, şeýle hem öndürilmegi we ýerleşdirilmegi howanyň hapalanmagyna sebäp bolýar diýip, Bütindünýä saglyk guramasy aýdýar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) aýtmagyna görä, temmäki ýetişdirmek daşky gurşawa “agyr zyýan” ýetirýär. Onuň ýetişdirilmegi üçin himikatlar, energiýa, suw sarp ediýär, şeýle hem öndürilmegi we ýerleşdirilmegi howanyň hapalanmagyna sebäp bolýar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň temmäkiniň täsirleri hakda 30-njy maýda çykaran ilkinji hasabatynda, ekologik täsirleriň çilimiň diňe tüssesiniň ýetirýän zyýanlary bilen çäklenmeýändigi aýdylýar.

Temmäkisiz düýnä gününden bir gün öň çykarylan hasabatda “Temmäkiniň döwür sikli başdan soňuna çenli howany hapalaýjy we weýrançylykly proses” diýilýär.

“Temmäki ekmek, temmäki önümlerini öndürmek, olary satyjylara ýetirmek netijesinde daşky gurşawa tokaýlaryň çapylyp ýok edilmegi, tebigy ýangyjyň ulanylmagy we zäherli galyndylaryň tebigata ýaýramagy ýaly agyr zyýanlar ýetýär” diýip, Bütindünýä saglyk guramasynyň baş direktorynyň kömekçisi Oleg Çestnow aýdýar.

Guramanyň bellemegine görä, temmäkiden ýylda 7 million adam ölýär.

Temmäki ekinine köp mukdarda himikatlar, şol sanda mör-möjek dermany, gerbisid, fungisid we mergi ýa başga keselleriň öňüni almak üçin fumigantlar gerek bolýar.

“Bu himikatlaryň aglabasy daşky gurşawa we daýhanlaryň saglygyna şeýle zyýanly welin, olar käbir ýurtlarda gadagan” diýlip, hasabatda aýdylýar.

Temmäkiniň ýapraklaryny arassalamak üçin, köp mukdarda agaç ýakylýar. Bu hem tokaýlaryň çapylyp, ýok edilmegine goşant goşýar.

Çak edilişine görä, temmäki ýapraklaryny guratmak üçin, ýylda 11.4 million tonna agaçdan peýdalanylýar, ýagny üç ýüz çilim üçin, bir daragt pida edilýär.

Dünýäde iň köp temmäki öndürýän ýurt bolan Hytaýda ýurtdaky tokaýlaryň ýylda 18 prosentiniň ýok edilmegine şu ekin sebäp diýip, hasabatda bellenýär.

Şeýle hem çilim öndürýän kärhanalaryň ýylda ýarym million tonna barabar nikotin we beýleki himikatlar bilen hapalanan galyndylary öndürýändigi, şol bir wagtyň özünde önümçilige “aşa köp suw” gerek bolýandygy aýdylýar.

Ýylda otlanýan 6 trillion çilim töwerege 3-5 million tonna zäherli gaz, şeýle hem müňlerçe tonna karsinogenik (rak keseline getirýän) himikatlary ýaýradýar.

XS
SM
MD
LG