Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul partlamasynda 80 adam öldi, 350 adam ýaralandy


Kabul. partlamanyň bolan ýeri, 31-nji maý, 2017.
Kabul. partlamanyň bolan ýeri, 31-nji maý, 2017.

Owgan paýtagty Kabulyň merkezinde bolan güýçli partlamada azyndan 80 adam öldi, 350 adam bolsa ýaralandy diýip, Saglyk ministrliginiň resmisi 31-nji maýda aýtdy. Şeýle-de ol pidalaryň sanynyň köpelmeginiň ahmaldygyny duýdurdy.

Içeri işler ministrligi Kabul ilatynyň ýaralylar üçin gan bermegine çagyryş etdi.

Güýçli partlama irden, Kabulda adamlaryň işe barýan wagtlarynda, prezident köşgüniň we daşary ýurt ilçihanalarynyň ýerleşen ýeriniň golaýynda boldy.

Polisiýa bu partlama awtoulag bombasynyň ýarylmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Kabul polisiýasynyň sözçüsi Basir Mujahid Germaniýanyň ilçihanasynyň berkidilen girelgesiniň golýaynda partlama netijesinde birnäçe adamyň ölendigini we ýaralay bolandygyny aýtdy.

Kabul partlamasynda onlarça adam öldürildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:13 0:00

"Ulag bombasy german ilçihanasynyň golaýynda ýaryldy, emma onuň golaýynda başga-da möhüm howlular we ofisler bar. Onsoň häzirden partlamanyň anyk nyşanasyny aýtmak kyn” diýip, Mujahid aýtdy.

Şäheriň Wazir Akbar Han etrabynda bolan partlamanyň detallary bölek-büçek. Bu mähelle, polisiýa we milli gwardiýa tarapyndan goralýan daşary ýurt ilçihanalary, üç metr belentlikdäki haýatlar bilen gurşalan hökümet edaralary bilen, Kabulyň iň howpsuz ýerleriniň biri hasaplanýardy.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Aýgytly goldaw missiýasy owgan howpsuzlyk güýçleriniň ýük maşynyň berk goragly Ýaşyl zona, daşary ýurt ilçihanalarynyň köpüsiniň we öz ofisiniň ýerleşýän ýerine, belki-de niýetlenen nyşanasyna barmagynyň öňüni alandygyny aýtdy.

NATO-nyň beýanatynda owgan howpsuzlyk güýçleriniň, ilkinji nobatda hem polisiýanyň batyrgaýlygyna ýokary baha berildi.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg twitterde Kabulda bolan “elhenç hüjümi” ýazgardy we pidalara öz gynanjyny bildirdi.

ABŞ-nyň Kabuldaky baş diplomaty Hugo Llorens ‘bu aýylganç hüjüm terrorçylaryň adam ömrüne düýpden hormat goýmaýandygyny we olaryň Owganystanyň parahatçylykly geljegi baradaky arzuwa nigilistik garşylygyny görkezdi” diýdi.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsiniň orunbasary Najib Daniş bu partlamanyň örän güýçli bolandygyny we töwereginde 50 çemesi maşyny weýran edendigini ýa olara zyýan ýetirendigini aýtdy.

Partlama ýüzlerçe metr uzakda ýerleşýän jaýlaryň hem aýnalaryny çat açdyrdy, şäher merkeziniň asmanyny gara tüssä gaplady.

Partlamanyň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady. “Talyban” oňa dahylynyň ýokdugyny aýtdy.

“Yslam döwleti” topary hem golaýda owgan paýtagtynda bolan hüjümleriň birnäçesiniň, şol sanda 3-nji maýda NATO-nyň bronly konwoýyny nyşana alan we azyndan 8 adamy öldüren, 28 adamy ýaralan hüjümiň jogapkärçilgini öz üstüne aldy.

Bu partlama owgan paýtagtyndaky tapgyrlaýyn hüjümleriň soňkusy bolup durýar.

Şäherdäki hüjümleriň gürelmegi netijesinde Kabul welaýaty 2017-nji ýylyň ilkinji üç aýynda pidalaryň sanynyň iň köp bolan sebiti boldy. Bu hüjümlerde esasy agram asuda ilatyň gerdenine düşdi.

Birleşen Ştatalar owgan howpsuzlyk güýçlerine tälim bermäge kömek üçin 3 müňden 5 mäňe çenli harby geňeşçini ibermegiň pikirini edýär.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi öz ýurdunyň bu hüjümi berk ýazgarýandygyny aýtdy we pidalara gynanjyny bildirdi.

XS
SM
MD
LG