Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saturnyň hemrasynda ýaşaýyş bolup biler


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Saturny barlaýan "Cassini" kosmos enjamynyň NASA-nyň alymlaryna iberen maglumatlarynda, ol planetanyň hemralarynyň biri bolan Enseladyň buz gatlagynyň aşagynda bolýan himiki reaksiýalaryň ýaşaýyş üçin şert döredip biljekdigini görkezýär. NPR Radiosynyň habaryna görä, Enselad diýseň ýaş planeta bolany üçin, edil häzir ol ýerde ýaşaýşyň döremeginiň wagty bolup biler.

Mundan iki ýyl owal alymlar Saturnyň bu hemrasynyň gatlagynyň aşagynda ýyly suwly okeanyň bardygyny subut edipdi. Barlagçylar ol ýyly okeanyň planetanyň gatlaklary bilen utgaşyklylykda himiki reaksiýa döretmäge ukyply bolup-bolmandygy barasynda oýlanmaga başlapdyr. Netije oňaýly bolan halatynda, ýer ýüzündäki ýaly, Enseladda hem okeanyň çuňluklaryndaky energiýa bilen iýmitlenýän organizmleriň döretmegi mümkin bolup biler.

NASA indi ýaňky himiki reaksiýanyň Enseladyň ýüzündäki gatlagyň aşagynda bolup geçýändigini habar berýär. Planetanyň buzluk ýerinden uçup geçen "Cassini" kosmos enjamy ol ýerde hidrogen molekulanyň (wodorod) bardygyny äşgär edýär. Hidrogen molekulanyň bolmagy diýmek, eger planetanyň buz gatlagynyň aşagynda bakteriýalar ýaşaýan bolsa, onda olar wodorodyň suwdan çykan karbon iki oskidi bilen birleşmeginden emele gelýän energiýadan iýmitlenmäge ukyplydygyny görkezýär. Metanogenez diýip atlandyrylýan bu reaksiýa ýer ýüzündäki ýaşaýşyň hem özenini emele getirýär. Ýöne käbir alymlaryň garaýşyna görä, wodorod derejesiniň aşa ýokary bolmagy, munuň tersine, gaýtam Saturnyň hemrasynda ýaşaýşyň ähtimallygyny azaldýar. Olar şol bir wagtyň özünde, Ýupiteriň hemrasy bolan Ýewropada ýaşaýşyň döreme ähtimallygynyň has ýokarydygyny belleýärler. Ýewropa bolsa ýaş taýdan Enseladdan has uludyr.

Alymlar Enseladda çakdanaşa köp wodoroda duş gelinmegine garaşmaýarlar. "Cassini" kosmos enjamynyň barlag toparyndan bolan Skot Boltonuň (Scott Bolton) aýtmagyna görä, Saturnyň bu hemrasy gaty ýaş bolany sebäpli, onuň grawitasiýa meýdançasy ummasyz mukdarda wodorodyň saklanmagyna elýeterli däl. Şol bir wagtyň özünde "Science" žurnalynda çap edilen barlagyň awtorlaryndan bolan Bolton we onuň ylmy barlag topary äşgär edilen hidrogen, ýagny wodorod molekulalarynyň hem ýer ýüzündäki okean çuňluklarynda bar bolan gidrotermal herekete meňzeş ýagdaýlaryň netijesinde emele gelendigine ynanýarlar.

Ýeri gelende bellesek, ýeriň çuňlugynda demir bilen baý materiallaryň suw bilen täsirleşmegi netijesinde, okeanyň gidrotermal jaýryklaryndan gara we ak tüsse çykýar. Şol mahal hem wodorod bilen bir hatarda başga täze minerallar hem emele gelýärler. Tüssäniň gara ýa-da ak reňkde bolmagy onuň düzümindäki kükürdiň mukdaryna bagly bolýar.

Boltonuň sözlerine görä, Enseladyň çuňluklarynda hem şeýle ýagdaýlar emele gelip biler. Şeýlelikde, okeanyň çuňluklarynda suwuň dürli maddalar bilen himiki reaksiýa netijesinde täsirleşmeginden wodorod bölünip biler.

Alymlaryň "Cassini" kosmos enjamynyň iberýän delilleri esasynda gelen netijesine görä, Enseladyň okeany gaýalardan emele gelen gatlagyň üstünde ýerleşýär. Bu bolsa, ýokarda agzalýan täsirleşmegiň bu planetada hem ýüze çykyp biljegini görkezýär.

Ýer şaryndaky gidrotermal jaýryklarda planetanyň ýaşaýşyň ilkinji döreýşine degişli bakteriýalaryň bardygy äşgärdir. Alymlar häzirki döwre çenli ol jaýryklarda günüň şöhlesinden peýdalanmaýan täze bakteriýa görnüşlerini äşgär edipdirler. Ol bakteriýalar hem energiýa çeşmesi höküminde wodorody ulanýarlar.

Enseladyň jaýryklaryndan çykýan maddalary has düýpli derňemek bilen alymlar planetanyň suwlarynda aminokislotanyň ýa-da hatda mikroplaryň bolup-bolmandygyny anyklap bilerler.

Ýöne NASA häzirlikçe şeýle maksady planlaşdyrmaýar. Onuň deregine 2010-nji ýylda "Europa Clipper" maksatnamasyny durmuşa geçirmegine garaşylýar. Ol maksatnama Ýupiteriň hemrasy bolan Ýewropanyň düýbünden göterilýän birmeňzeş maddalary anyklamakdan ybaratdyr.

Enseladda bolşy ýaly Ýewropanyň hem buz gatlagynyň aşagynda duzly okean bardyr.

Golaýda tanymal britaniýaly fizik we kosmolog Stiven Hawking (Stephen Xoukinq) eden çykyşlarynyň birinde, adamzadyň gysga wagtyň içinde özüne ýaşamak üçin başga bir planeta tapmagynyň zerurdygyny nygtapdy.

Ýöne muny başarmak üçin adamlar älem-jahanyň başga ýerlerinde ýaşamaga mümkinçilik döredýän tehniki ösüşlere eýe bolmalydyr. Fizigiň pikrine görä, dünýäde gürrüňsiz ahyrzaman bolar we bu gysga wagtyň içinde zyýanly gazlaryň täsirinde amala aşar.

XS
SM
MD
LG