Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň sudy Usmanowyň peýdasyna karar çykardy


Alekseý Nawalnyý

Moskwanyň sudy Kreml bilen ilteşikli oligarh Alişer Usmanowyň oppozision syýasatçy we korrupsiýa garşy aktiwist Alekseý Nawalnyý baradaky töhmetçilikli şikaýaty boýunça onuň peýdasyna karar çykardy.

Iki gün dowam eden sud diňlenişiginiň soňunda, ýagny 31-nji maýda kazy Marina Wasina Nawalna Usmanow bilen ilteşikli ähli çykyşlary internetden aýyrmagy we öňümizdäki 10 günüň dowamynda öz aýdanlaryndan dänýändigi barada beýanat ýaýratmagy tabşyrdy.

Şeýle-de, ol bu beýanatyň Nawalnyýnyň websaýtynda üç aý galmalydygyny sözüniň üstüne goşdy.

Nawalnyýnyň korrupsiý garşy guramasynyň derňew departamentiniň ýolbaşçysy Georgy Alburov özüniň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda “biz hiç zady pozmarys” diýdi.

Nawalnyý premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň Orsýetdäki we daşary ýurtlardaky baýlyklaryny dolandyrmak üçin, ‘ynsanperwer’ diýilýän guramalardan peýdalanýandygyny ileri sürüp, bir wideoýazgyny ýaýradanyndan soňra, Usmanow şikaýat bilen kazyýete ýüz tutdy.

Wideoda beýleki zatlar bilen bir hatarda Usmanowyň Moskwanyň etegindäki 50 million dollarlyk ymaraty Medwedewiň gaznasyna “sowgat” edendigi aýdylýar. Usmanow bolsa emlägi deň bahasyna satandygyny we şondan soňra oňa näme bolanyny bilmeýändigini aýdýar.

30-nji maýda diňlenişik açylanda, kazy Marina Wasina goranyş maksady bilen göz öňünde tutulan 16 göçümi, şol sanda Medwedewi, premýer-ministriň birinji orunbasary Igor Şuwalowy, şeýle hem möhüm guramalaryň müdirlerini şaýat hökmünde çagyrmak barada berlen haýyşnamany ret etdi.

Baýlygy 15 milliard dollar töweregi diýip çaklanýan Usmanow ýeten zyýanlaryň öwezini soranok. Ýöne ol Nawalnynyň wideoda aýdylýan zatlary yzyna alyp, ötünç soramagyny isleýär. Wideoda Usmanowyň para berenligi, jenaýatçydygy, Orsýete salgyt tölemänligi, sowet döwründe biriniň namysyna degip, etmişli tapylandygy, şeýle hem dag-magdan kärhanalarynyň bikanun hususylaşdyrylmagyna gatnaşandygy aýdylýar.

Nawalnyý kazyýet prosesinden maksat Medwedewiň garşysyna gozgalýan zatlardan ünsi sowup, mart aýyndan bäri 20 million gezekden hem köp görlen wideony internetden aýyrtmak diýýär.

Nawalnyý 2018-nji ýylda Orsýetde geçjek prezident saýlawlaryna gönükdirilen kamapniýany ýola goýmaga synaynyşýar. Bu saýlawlara prezident Wladimir Putin hem dördünji möhlet üçin gatnaşar diýip çaklanýar.

Ors häkimiýetleri Nawalnynyň prezident saýlawlaryna goşulmagyna ýol berilmejekdigini aýdýarlar. Sebäp onuň ozal maliýe jenaýatlarynda etmişli tapylandygy. Nawalnyý bolsa bu aýyplamalar ýasama diýýär.

Ýöne saýlaw resmilerinde Nawalnynyň kandidatlyga rugsat edilip-edilmejekdigi hakda aýdan belli bir zatlary ýok. Ol korrupsiýa garşy aktiwist hem kampaniýasyny ilerletmek ugrunda iş alyp barýar.

XS
SM
MD
LG