Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda elektrik energiýasynyň serhetaşyr söwdasy maslahat edildi


Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny geçiriji sistemasy
Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny geçiriji sistemasy

Türkmenistan elektrik energiýasynyň serhetaşyr söwdasyny maslahat etdi.

Bu meseläniň türkmen häkimiýetleriniň Aşgabatda geçiren Halkara energetika hartiýasynyň energiýa resurslarynyň tranziti boýunça maslahatynda gozgalandygy media maglumatlarynda aýdylýar.

31-nji maýda öz işini tamamlan maslahatda Halkara energetika hartiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň energetika ministri Çarymyrat Purçekow Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak panlaryny, ilkinji nobatda-da munuň goňşy Owganystana degişlidigini mälim etdi.

Maslahata Ýewropa ýurtlarynyň energiýa kompaiýalarynyň wekilleri we Özbegistanyň energiýa boýunça resmileri gatnaşdylar.

20-nji maýda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda elektrik energiýasynyň tranziti we akdyrylmagy barada ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň 20-nji maýda Awazada geçiren duşuşygynyň yzýany baglaşylan ylalaşyga Özbegistanyň “Uzbekenergo” kompaniýasy we Türkmenistanyň energetika ministrligi tarapyndan gol çekildi.

Türkmenistan elektrik energiýasyny Owganystana we Eýrana satýar.

XS
SM
MD
LG