Sepleriň elýeterliligi

Ýaranlar we garşydaşlar ABŞ-nyň Klimat şertnamasyndan çykmagyny ýazgarýar


Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň Klimat şertnamasyndan çykýandygyny yglan edýär.

ABŞ-nyň ýaranlary we garşydaşlary prezident Donald Trampyň 1-nji iýunda 2015-nji ýylyň Pariž klimat şertnamasyndan çykmak baradaky kararyny ýazgardylar we bu ylalaşyk barada gaýtadan gepleşmek teklibini ret etdiler.

"Biz bu şertnamanyň gaýtadan gepleşilip bilinmejegine berk ynanýarys” diýip, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň liderleri bilelikde beýanat çap etdiler we munuň “gynançlydygyny” aýdyp, dünýäniň galan bölegini “klimat özgermesine garşy göreşi güýçlendirmäge” çagyrdylar.

Fransuz prezidentiEmmanuel Makron 1-nji iýun güni giçlik Trampa telefon edip,“hiç zadyň gaýatdan gepleşilmejekdigini” aýtdy we iki ýurduň geljekde klimat özgermesinden beýleki bileleikdäki proýektlerde tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny belledi.

"Bu ýerde B plany ýok, sebäbi bu ýerde B planetasy ýok” diýip, Makron şondan soň telewideniýe arkaly berlen sözünde aýtdy. "Biz has az tagallaly ylalaşyk üçin gaýtadan gepleşik geçirmeris. Bu mümkin däl” diýip, ol belledi.

Ýewropa komisssiýasynyň prezidenti Žan Klod Ýunker (Jean-Claude Juncker) Trampyň kararyny “düýpli ýalňyş” diýip atlandyrsa, ABŞ-nyň has ýakyn ýaranlary bolan Britaniýa, Germaniýa we Ýaponiýa “gynançlaryny” bildirdiler wedünýäniň kömürturşy gazy boýunça ikinji uly çeşmesi bolan ýurduň bu şertnamadan çykmak kararyndan “lapykeç bolandyklaryny” aýtdylar.

Trampyň kararyndan öň hem Ýewropa bilen klimat özgermesi şertnamasyny berjaý etmek ugrunda işleşmegi wada beren Hytaý ABŞ-nyň ondan çekilmegini “global şowsuzlyk” diýip atlandyrdy. Bu barada “Sinhua” döwlet habar gullugy maglumat berdi.

"Sinhua” Trampyň bu şertnamadan çykmak Amerikanyň iş ýerlerini saklamaga kömek eder diýen deliline sorag astyna aldy.

Orsýet Trampyň kararyna “hormat goýýandygyny” aýtmak bilen özüniň bu şertnamadan çykmakçy däldigini belledi.

Tramp öz ýurdunda, Birleşen Ştatlarda hem garjaşyk reaksiýa bilen garşylandy, Kongresdäki respublikanlar onuň bu şertnama goşulan beýleki 194 ýurduň kararyna garşy durmagyny batyrýaglyk hökmünde häsiýetlendirseler, demokratlar bu karary "daşky gurşaw üçin betbagtçylyk” we “dünýä sahnasyndaky “liderlikden çekilmek” diýip atlandyrdylar.

Trampyň ABŞ-nyň bu ylalaşyga gatnaşygyny derhal togtatmak baradaky karary Birleşen Ştatlary global daşky gurşaw meselelerinde diňe iki sany kiçi ýurt, Siriýa we Nikaragua bilen bilelikde izolýasiýada galdyrýar.

ABŞ-nyň ştat gubernatorlarynyň we şäher häkimleriniň köpüsi Trampyň bu çäresine garşy durmaga çalyşjakdyklaryny we prezident Barak Obama döwründäki ýaly, Birleşen Ştatlarda howa ýaýraýan kömürturşy gazlaryň azalmagy ugrunda tagalla etjekdiklerini aýtdylar.

ABŞ-nyň ozalky döwlet sekretary Jon Kerri Trampyň bu şertnamadan çykmak baradaky kararyny “özüňi weýran ediji” diýip atlandyrsa,ozalky wise-prezident Al Gor Trampyň kararyny “oýlanyşyksyz hereket” hökmünde häsiýetlendirdi we onuň “Amerikanyň dünýädäki ornuny peseldýändigini” aýtdy.

Tramp bu şertnamadan çykmak baradaky kararyny düşündirip, “özüniň Parižiň ýaşaýjylaryna däl-de, eýsem Pittsburgyň raýatlaryna wekilçilik etmek üçin saýlanandygyny” aýtdy.

Emma ol Pittsburgyň häkiminden hem gaýtawul aldy. 20-nji asyrda esasy polat öndürijileriň biri bolan şäher indi daşky gurşawa hem-de tehnologiki progrese berlip, özüni “ýaşyl şäher” hökmünde wagyz edýär.

"Pittsburg dünýä bilen bilelikde durýar we Pariž şertnamasyna eýerer” diýip, şäheriň häkimi Bill Peduto twitterde aýtdy we Trampyň garşydaşy Hillari Klintonyň bu şäherde sesleriň 80 prosentini alandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG