Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Putini öldürmek dildüwüşiginde aýyplanan çeçenistanly oka tutuldy


Adam Osmaýew

Orsyýetiň häkimiýetleri tarapyndan prezident Wladimir Putini öldürmek üçin dildüwüşik gurnamakda aýyplanýan çeçenistanly Kiýewde oka tutulyp ýaralandy. Ukrainanyň häkimiýetleri onuň janyna kast etmäge synanyşygyň pidasy bolandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň içeri işler ministri Adam Osmaýewiň 1-nji iýunda özüni fransiýaly žurnalist diýip tanadan we bir gün öň nterwýu bermegi soran adam tarapyndan oka tutulandygyny aýtdy.

Ministrligiň maglumatyna görä, Osmaýew we onuň aýaly Amina Okuýewa agzalan adam bilen awtoulagda bolan wagtynda, hüjümçi ýaragyny Osmaýewa çenäp iki gezek atypdyr, mundan soň Okuýewa öz pistoletinden hüjümçini atypdyr, erkek adamlaryň iksi-de agyr ýagdaýda keselhana düşüpdir.

Britaniýada bilim alan asly Orsýetiň Çeçenistan regionyndan bolan Osmaýew 2012-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainada tussag edilipdi we bikanun partlaýjy serişdeleri saklamak, hususy emläge el urmak we galplyk bilen bagly aýyplamalaryň esasynda sud edilipdi.

Soňra Orsýetiň häkimiýetleriniň talaby boýunça Osmaýewe garşy Putini öldürmek üçin dildüwüşik bilen bagly aýyplamalaryň esasynda hem iş gozgalypdy.

2014-nji ýylda Orsýetiň Krymy anneksiýa edip, gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw bildirmegi sebäpli, Moskwanyň we Kiýewiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyndan soň Ukrainanyň häkimiýetleri Osmaýewe garşy gozgalan Putiniň janyna kast etmek dildüwüşigi baradaky işi ýatyrdylar.

Soň Osmaýew we onuň aýaly Okuýewa ukrain hökümetiniň separatistlere garşy göreşinde Kiýewiň tarapynda söweşdiler. Gündogar Ukrainadaky konfliktde 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 9900-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG