Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hytaýa şu ýyl 38 milliard kubometr gaz akdyrmagy planlaşdyrýar


Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi
Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi

Türkmenistan Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberini şu ýyl 38 milliard kubometre çenli akdyrmagy planlaşdyrýar.

Media maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniň başlygy Myrat Arçaýew geçen ýylda türkmen gazynyň Hytaýa akdyrylan möçberiniň 35 milliard kubometr bolandygyny mälim edipdir.

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyny 2009-njy ýylda gurlan gazgeçirijisi arkaly akdyrýar.

Türkmenistanyň iň iri Galkynyş gaz ýatagyndan ugur alýan umumy uzynlygy 1900 kilometrden ybarat gaz geçiriji Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçýär.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň gaz baýlygyny 27 trillion kubometrden artyk diýip kesgitleýär we 2030-njy ýyla çenli gaz önümçiligini 230 milliard kubometre ýetirmek planyny yglan edýär.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň 2016-njy ýylda gaz önümçiligine degişli beren sany 83.8 milliard kubometre barabar.

Häzirki wagtda Hytaý türkmen gazynyň ýeke-täk hyrydarydyr. 2016-njy ýylyň başynda Orsýet Türkmenistandan gaz satyn almagyny doly bes edýändigini yglan etdi, ýylyň aýagynda Eýran türkmen gazynyň akdyrylmagynyň bes edilendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG