Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okyjy iş tapyp bilmän kösenýändigini aýdýar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Hormatly Arkadag,

Gynansakda, öz döwletiňde iş tapyp bolmaýar. Welaýatdan gelip Aşgabada işlemäge gelenler Aşgabatdaky işlejek adamlary işsiz goýýarlar. Aşgabatdaky ýaşaýjylar öz ýaşaýan ýerlerinde iş tapyp bilmän kösenýärler.

Iň esasam, biz ýaly eli diplomlylar kösenip dur. Baran ýeriňde tanyşyň bolmasa, iş tapyp bolmaýar ýa-da öz döwletinde para uly rol oýnaýan bolsa.

Soňky wagtlar telewideniýede G.Berdimuhamedowyň edýän ýygnaklary ýönekeý spektakl diýýärler. Gynansakda bu hakykata öwrülýär. Eýýäm 1 ýyl bäri iş tapyp bilmän kösenýärin. Bizem adam iýip-içmek gerek. Özüm utanýaryn elimde diplom, ýöne iş tapyp bilmeýärin.

Prezidentiň aşakdakylary bolsa ýönekeý peşka. Ol näme diýse, şony edýärler. Halk bilen işleri ýok. Näme üçin ..... Impichment ..... ýok?

Geliň hakykatyň gözüne seretmekden gorkmalyň. Enşalla şuny hemmelere ýetirersiňiz diýip umyt edýärin. Geliň giç bolmanka öňüni alalyň.

Saboluň.

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG