Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Studentler tomus kanikulyny çärelerde geçirer


Türkmen studentleri
Türkmen studentleri

1-nji iýuldan başlap, Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) studentleri “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyk çärelerine çekiler diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşiriň 1-nji iýunda ýaýradan maglumatynda, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny, şeýle-de beýleki çäreleri guramalaşdyrmak üçin, daşary ýurtly spesialistleriň çagyrylandygy, olaryň studentlere ýolbaşçylyk etjekdigi aýdylýar.

“Studentlere özleriniň suraty bolan ýörite giriş resminamasy paýlanar. Bu iýul aýyndan başlap, sport desgalarynyň polisiýanyň gözegçiligi astynda boljakdygyny aňladýar. Käbir ýokary okuw jaýlaryň, hususan-da, Türkmen döwlet uniwersitetiniň studentlerine dabaralarda geýmeli egin-eşikleri üçin, 750 manat çemesi tölemelidiklerini duýdurypdyrlar. Bu resmi kursa laýyklykda 241 dollar, ‘gara bazaryň’ kursuna görä 115 dollar çemesi bolýar” diýlip, neşir habar berýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, oňa esasan 2-nji we 3-nji kurs studentleriň gatnaşjakdygyny aýdýarlar. Bu çäreleriň haçan başlajakdygy barada anyk maglumat bolmasa-da, esasy taýýarlyklaryň 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpia stadionynda geçiriljekdigi bellenilýär.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir mugallymlaryna we studentlerine salgylanyp aýtmagyna görä, bu çärelerde geýilmeli eşikleri satyn almak hem studentleriň boýnuna dakylypdyr.

“Şol ýerde geýilmeli geýimler hakynda-da studentleriň arasynda gürrüňler bar. Olar iki hili bolmalymyşyn. Birinjisi studentleriň taýýarlyk çäreleri döwründe geýmeli o diýen gymmat bolmadyk eşiklerdir. Olar Aziýa oýunlarynyň geçýän günleri geýiljek egin-eşikleriň has arzanrak, sypaýyrak görnüşi bolar. Soňra-da Aziýa oýunlarynyň açylan günleri geýiljek toý lybaslarydyr. Aýtmaklaryna görä, şu iki egin-eşigiň bahasy ortaça 1000 manada durjakmyşyn. Onam studentleriň özleri satyn almaly” diýip, Bugaýew aýdýar.

Studentleriň käbirleriniň aýtmagyna görä, ýokary okuw jaýlaryň ýolbaşçylary olara “siz gaty bagtly ýaşlar. Size halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşyna gatnaşmak nesip edýär” diýýärler. Emma studentleriň käbiri özleriniň dynç almagyň deregine, tomsuň jokrama yssy günlerinde taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýändiginden nägile bolýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Medeniýet instituty we Oba-hojalyk uniwersiteti bilen habarlaşanda, bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Emma bu maglumatlar Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli geçiriljek dabaralary ýokary taýýarlyk derejesinde guramalaşdyrmak barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyrygynyň yz ýanyna gabat geldi.

Mundanam başga, paýtagtyň käbir mekdep we ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary özleriniň bu çärelere tomusky dynç alyş möwsümi döwründe hem gatnaşjakdyklary barada, ýörite resminama gol çekmeli edilendiklerini aýtdylar.

Şeýle-de, olar iýun aýynyň ortalaryna çenli gutardyş ekzamenleriniň geçirilýändigine garamazdan, taýýarlyk çäreleri sebäpli käbir okuwçylaryň we studentleriň ekzamenlere däl-de, çärelere gatnaşmaga borçly edilendigini bellediler.

Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri ýurtda geçiriljek iň uly halkara sport çäresine görülýän taýýarlyklara ençeme ýyl öňünden başlapdy. 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek bu ýaryşa dünýäniň 62 ýurdundan 5 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG