Sepleriň elýeterliligi

Eýranda uniwersiteti gutaranlaryň ýarysy zenan, ýöne iş tapanoklar


Tähranyň köçesinde barýan zenanlar

Eýranda zenanlary jemgyýetde ýekirýän kanunlar we syýasat olaryň iş tapmagyny bökdeýär. Bu barada adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch guramasynyň 25-nji maýda çap eden hasabynda aýdylýar. Gurama eýranly zenanlara käbir çäklendirmeleriň girizilendigini bildirýär. Muňa zenanlara syýahat gadagançylygy, käbir işlere alynmazlyk, hukuk goragyndan mahrumlyk ýaly mysallar getirýär.

Zenanlaryň ýüzden 20 göterimi işsizdir

59 sahypalyk hasabat "Erkekler kluby: Eýranyň iş bazarynda zenanlaryň ýekirilmegi" diýip atlandyrylýar.

"Soňky 40 ýylda Eýranda uniwersiteti gutaranlaryň ýarysyny zenanlar düzýär. Ýöne soňky resmi hasabatlara salgylanylan halatynda, 2016-njy ýylyň mart aýyndan, şu ýylyň mart aýyna çenli zenanlaryň ýurduň iş güýjüniň diňe ýüzden 14,9 göterimini emele getirendigini görmek bolýar. Erkek adamlaryň iş güýjünde eýeleýän orny bolsa ýüzden 64,1 göterimdir. Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrikada zenanlar iş güýjüniň 20 göterimini eýeleýärler, Eýrandaky ýagdaý bolsa mundanam pesdir. Häzirki wagtda eýranly zenanlaryň işsizlik derejesi erkek adamlara garanda, iki esse köp, ýagny ýüzden 20,7 göterim" diýip, hasabatda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch guramasynyň wekilleri kiçi biznes bilen meşgullanýan, menejer ýa-da döwlet gullukçysy ýaly işlerde işleýän 44 zenan we erkek adam bilen aýratynlykda gürrüňdeşlik geçiripdir. Olardan käbiri hut Eýranda ýaşaýan bolsa, käbirleri daşary ýurtda ýaşaýanlar. Olar Eýranda işleýän ýa-da iş bazary barada barlag geçiren adamlardyr. Hasabatda Eýranyň kanunlaryna, syýasatyna we resmi beýanatlaryna hem baha berlipdir.

Medeni kanunyň döredýän päsgelçiligi

Aýdylşyna görä, Eýranyň medeni kanuny zenanlaryň iş bilen üpjünçiliginiň öňünde durýan esasy päsgelçiligiň çeşmesidir. Medeni kanuna görä, erkek adam öýüň esasy hojaýyny hasap edilýär we oňa zenanyň ykdysady erkini dolandyrmak ygtyýary berilýär. Muňa şol sanda zenanyň käbir şertlerde işlemegini gadagan etmek hem degişlidir.

Eýranyň kanun çykaryjylary iş ýerinde zenanlaryň ýekirilmegini gadagan edýänem bolsa, işe alynmak we işde ýokary wezipelere çekilmek muňa degişli däl. Işgär bildirişleriniň köpüsinde jynsyýet şerti goýulýar we ylaýta-da tehniki hem menejer işlerinde erkek adamlar talap edilýär.

Döwlet pudagynda iş üpjünçiligini hususy hökümet komissiýasy amala aşyrýar. Ýöne Human Rights Watch guramasynyň geçiren barlagynda, soňky 3 ýylda döwlet işlerinde 7 müňden köp wakansiýa bildirişleriniň ýüzden 60 göterimini erkek adamlaryň eýeländigi äşgär bolupdyr. Şeýlelikde, zenanlara aýrylan iş orny bolsa diňe 5 göterimi emele getiripdir.

Rohany synagy ýatyrypdyr

Ýurduň Zenanlar we maşgala boýunça wise-prezidenti Şahindoh Mowlawerdy 2015-nji ýylyň aprelinde bu diskriminasiýa meselesini gün tertibine getirip, hökümetiň dykgatyna hödürläpdi. Prezident Hassan Rohany muňa jogap höküminde, geçen ýylyň iýulynda 2545 sany wakansiýa üçin geçirilmeli synagy goýbolsun edipdir. Nobatdaky synag şu ýylyň noýabr aýynda bolar we şonda zenanlara 300 iş orny hödürlener. Human Rights Watch guramasynyň hasabatyna görä, bu juda ujypsyzja öňegidişlik bolsa-da, döwlet pudagynda zenanlaryň işe ornaşmagynda duçar bolan ýekirilmäni aradan aýyrmaýar.

Hukuk goragynyň bolmazlygy hem zenanlara iş bazarynda uly bökdençlik döredýär. Eýranly resmileriň beýanatlaryna görä, 48 müňden gowrak zenan kanuny ýagdaýda dekrete çykandan soň işini taşlapdyr. Resmiler iş ýerlerinde antiseksual gynama syýasatynyň ýokdugyny aýdýarlar. Zenanlar bolsa, jynsy gynamadan has köp tapawutly geýim kodeksiniň mejbury bolmagyndan söz açýarlar.

Zenanlar kanun çykaryjy organlarda hem hiç hili ygtyýara eýe däl. Olar häzir mejlisdäki orunlaryň diňe ýüzden 5.8 göterimini emele getirýärler. Goraýjylar geňeşi şu wagta çenli prezidentlik saýlawlarynda zenan dalaşgäre rugsat bermeýärler. 19-njy maýda geçirilen saýlawlara gatnaşmak isleýän ähli zenan dalaşgärler hem kabul edilmändir.

XS
SM
MD
LG