Sepleriň elýeterliligi

"Microsoft" Hytaý hökümeti üçin, ýörite Windows 10 taýýarlady


Günbataryň mediasynda ýaýran habarlara görä, "Microsoft" firmasy ýörite islegi göz öňünde tutup, Hytaý hökümeti üçin, Windows 10 programmasynyň tapawutly görnüşini taýýarlapdyr.

Firma mundan owal täze görnüşdäki programma hakda Şanhaýda geçirilen bir çärede maglumat berenem bolsa, jikme-jik hiç zat äşgär etmändi.

"Microsoftyň" Hytaý hökümetiniň talabyna laýyklykda, Windows 10 programmasyny işläp taýýarlaýandygy esli salymdan bäri hemmelere mälimdi.

Habar berlişine görä, "Microsoft" bu programmany Hytaýyň "Electronics Technology Group" atly döwlet korporasiýasy bilen bilelikde "CMIT" atly firmada taýýarlapdyr.

"Microsoftyň" ýolbaşçylaryndan Terry Myerson hem bu habary tassyklaýar.

Bloombergiň habaryndan çen tutulsa, Windows 10 programmasynyň täze görnüşi Hytaý hökümetine islän programmalary saklamagyna, şeýle-de islemeýänini çykarmaga mümkinçilik berer. Meselem, Pekiniň islemeýän programmalarynyň biri hem "OneDrive" atly programmadyr.

Windows 10 programmasynyň Hytaý görnüşinde täzelemek işi hökümet tarapyndan amala aşyrylar we döwlet edaralaryndan maglumat elýeterliligine mümkinçilik berilmez.

Hytaýyň esasy ynjalyksyzlygy ABŞ-yň aňtaw gulluklarynyň "döwlet syrlaryna" eýe bolmak ähtimallygydyr.

Bloombergiň ýazmagyna görä, Hytaý müşderilerine Windows 10 programmasyny ulanmak gadan edilmändir. Ýöne hökümet ol programmadan o diýen hoşal hem däl.

Häzirki döwürde Hytaýdaky kompýuterleriň diňe ýüzden 9 göterimi Windows 10 programmasy bilen işleýär.

ABŞ-yň gaçgak içalysy Edward Snowdeniň beýannamalaryndan soň Hytaýda hökümet edaralarynda, Windows 8 programmasyndan peýdalanmak gadagan edilipdir we hökümet 2013-nji ýylda "Canonical" atly firma bilen bilelikde, Windows programmasyna derek, "Kylin" atly programmany taýýarlamaga gönügipdi. Ýöne ol maksatnama şowsuzlyga duçar bolupdy.

"Windows Bolg" atly internet sahypasynyň baş redaktory Mollie Ruiz-Hopper "Microsoft" firmasynyň soňky 22 ýylda Hytaý bilen ýola goýan iş hyzmatdaşlygyna buýsanýandygyny ýazýar.

Köpsanly media guramalary bolsa "Microsoft" firmasynyň şeýle eglişik etmegini tankytlaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG