Sepleriň elýeterliligi

Arap ýurtlarynyň dördüsi Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi


Saud Arabystanynyň, Müsüriň, Bahreýniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kataryň baýdaklarynyň suraty

Arap ýurtlarynyň dördüsi Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi we ony yslamçy toparlary goldamakda aýyplady, şeýle-de Eýran bilen ýakyn gatnaşygyny ýazgardy.

Saud Arabystany, Müsür, Bahreýn we Birleşen Arap Emirlikleri Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes edip, ähli gatnaşyklaryny ýatyrýandygyny 5-nji iýunda bilelikde yglan etdiler. Bu ädim gaza baý we 2022-nji ýylda Futbol boýunça halkara federasiýasy FIFA-nyň dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyny geçirjek, şeýle-de ABŞ-nyň uly harby bazasyny saklaýan ýurduň üzňelige düşmegine getirer.

Pars Aýlagynyň döwletleri Katara Eýran we “Musulman doganlary” ýaly yslamçy hereketler bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan ýurt hökmünde seredýärler. Olar yslamçy toparlaryň regionyň howpsuzlygyny hatar astynda goýýandygyny aýdýarlar.

Saud Arabystany Katar bilen guryýer serhedini ýapyp, ony Arap ýarym adasyndan kesjekdigini aýty. Saud Arabystany Katary “terrorçy we dinçi toparlaryň ençemesini goldamakda aýyplady”.

XS
SM
MD
LG