Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ŞHG-nyň sammitine myhman hökmünde gatnaşar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletleriň baştutanlarynyň 8-9-njy iýunda Astanada geçirjek sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar, diýip Trend agentligi habar berýär.

Maglumata görä, sammite gatnaşmagynyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.

Sammitiň gün tertibine regional we halkara derejesinde aktual meseleler girizilendigi habar berilýär.

2001-nji ýylda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan, Özbegistan, Hytaý girýär. Gurama regional hyzmatdaşlygyny, şol sanda söwda-ykdysady, howpsuzlyk, ekologiýa we beýleki ugurlardan gatnaşyklary ösdürmek maksadyny öz öňünde goýýar.

Türkmenistanyň prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine 2016-njy ýylyň iýun aýynda hem gatnaşypdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň gurama gyzyklanma bildirýändigini mälim edipdi.

“Biz Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen aragatnaşyklaryň mümkinçiliklerine ýokary baha berýäris. Partnýorlygyň möçberi örän giň görünýär, bu – energetika, transport, aragatnaşyk, söwda” diýip, Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň 23-24-nji iýunynda Daşkentde geçirilen sammitde eden çykyşynda aýtdy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolmadyk Türkmenistan ýokary derejeli duşuşyklaryna myhman hökmünde çagyrylýar.

XS
SM
MD
LG