Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylaryň ençemesiniň ýurtdan çykmagyna 'rugsat berilmedi'


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň syýahat mümkinçiliklerini ‘hiç hili düşündiriş bermezden’ çäklendirmek arkaly, olaryň daşary ýurtlara gitmegini kynlaşdyrýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýakynda Aşgabadyň halkara aeroportundan Stambula we Dubaýa uçmak isleýän türkmen raýatlarynyň ençemesine uçara münmäge rugsat berilmän, olar yzyna gaýtaryldy.

“Öň daşary ýurtda bolmadyk ýa-da bolsun – tapawudy ýok, islänini geçirdiler, islemedigini geçirmediler. Dubaýa uçurmadylar. ‘Sebäbini öz welaýat migrasiýaňyzdan soraň’ diýdiler” diýip, ýurtdan çykmagyna rugsat edilmedik türkmen raýatlarynyň biri aýdýar.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran bu raýat özüniň we beýleki adamlaryň ähli resminamalarynyň hem-de iş we syýahat wizalarynyň bardygyna garamazdan, näme sebäpden ýurtdan çykarylmaýandygy barada, anyk resmi düşündiriş berilmändigini aýdyp, muňa derek, özlerine haýbat atylandygyny gürrüň berdi.

“Olar bize ‘siz näme üçin barýaňyz?’ diýdiler. Bizem ‘dostum bilen maşynyma ätiýaçlyk şaýlary almaga’ diýdim. Soňra olar ‘Siziň maglumatyňyz geldi. Siz 15 adam bolmaly. Aldasañyz soň bilerin, siziň işlemäge barýandygyňyzy aýtdylar. Siz eger gezmäge däl-de, işe barýan bolsaňyz, bize ýalan görkezme berendigiňiz üçin J.K-nyň 201-nji maddasy esasynda 2 ýyl tussag edilersiňiz’ diýip haýbat atdylar” diýip, türkmen raýaty belledi.

Şeýle-de, ol özleriniň ýurduň howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan yzygiderli soraga çagyrylýandygyna ünsi çekip, ýurtdan çykmaga rugsat berilmese, onda Türkmenistanyň baş prokuraturasyna arza ýazjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Eger şeýdip sebäpsiz ýere gezelenje gitjekleri goýbermejek bolsalar, bu barada baş prokuratura ýazmaça arz edäýmesek, başga alaç galmady. Migrasiýa gullugy öz çeninden geçip, aşa gazaplanmaga mejbur edýär” diýip, türkmenistanly raýat zeýrendi.

Mundanam başga, Stambula we Dubaýa uçjak uçarlara mündirilmedik raýatlar özleriniň wiza almak üçin welaýatdan Aşgabada ençeme gezek gelip-gitmek we uçar bileti üçin uly möçberde maddy çykdajy edendigini, bu çykdajylaryň-da puja çykandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça maglumat almak üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky, Mary, Türkmenabat we Balkanabat şäherlerindäki edaralary bilen habarlaşdy. Bu edaralaryň jogapkär resmileri bu maglumaty tassyklamakdan ýa-da inkär etmekden ýüz öwrüp, haýsydyr bir kommentariý bermekden saklandy.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, mundan ýarym aý çemesi ozal türkmen häkimiýetleriniň Aziýa oýunlary tamamlanýança öz raýatlarynyň daşary ýurtlara sapar etmegini has-da kynlaşdyrmagy meýilleşdirýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

Şonda dürli welaýatlarda ýaşaýan türkmenistanlylar daşary ýurtlara syýahat etmek üçin niýetlenen biometriki pasportlaryny we käbir ýurtlara wiza almakda kynçylyk çekýändiklerini habar beripdiler.

Bu kynçylyklar we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat berilmese-de, ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri bu çäräniň “Aziada-2017” oýunlary tamamlanýança, welaýatlylary paýtagta getirmezlik maksady bilen amala aşyrylýandygyny aýdypdylar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagt türkmenistanlylar diňe Aşgabadyň halkara aeroporty arkaly daşary ýurtlara sapar edip bilýärler.

Türkmen häkimiýetleri Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde welaýatlardan Aşgabada gelýän türkmenistanlylara garşy birnäçe çäklendirmeleri girizdi. Olaryň arasynda Aziýa oýunlary başlanýança paýtagtda ýazga durmadyk welaýatlylary hem-de içerki migrantlary öz ýaşaýan ýerine ugratmak, welaýat belgili ulaglary paýtagta goýbermezlik ýaly çäreler bar.

Garaşsyz aklawçylaryň ençemesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda raýatlaryň işlemek, ýaşamak, erkin hereket etmek hukuklaryna kepil geçilýändigini aýdyp, alnyp barylýan bu çäreleriň ýurduň Baş Kanunyna çapraz gelýändigini belleýärler.

17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek halkara sport bäsleşigine ýokary derejeli döwlet resmileri bilen bir hatarda, dünýäniň 62 ýurdundan 5 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG