Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça milli plany işläp düzer


Çagalar pagta ýygymda, Türkmenistan
Çagalar pagta ýygymda, Türkmenistan

Türkmenistanda çaglaryň hukuklaryny goramak boýunça milli plan işlenip düzüler.

Türkmen mediasyna görä, hökümetiň 2017-2021-nji ýyllara aralygyny öz içine alýan döwre niýetlenen bu plany işläp düzmek kararyna Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara gumanitar hukuklary ugurlarynda öz halkara borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça edaralar arasyndaky komissiýanyň 3-nji iýunda geçiren nobatdaky maslahatynda gelnipdir.

Bu maslahata çagyrylan myhman hökmünde çagalaryň hukuklary boýunça ombudsmen gatnaşdy, diýlip resmi maglumatda habar berildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda 2017-2021-nji ýyllar aralygynda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça milli planyň taslamasyny, şeýle-de kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça sud sistemasynyň ösüşi barada baş programmany taýýarlamak meselelerine seredilipdir.

Türkmenistanda çagalaryň hak hukuklarynyň berjaý edilmegine, olaryň sosial goragyna degişli resmi statistika çap edilmeýär.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistanda çagalar bilen bagly esasy problemalaryň arasynda bäş ýaşyna ýetmedik çaglaryň arasyndaky ölüm derejesiniň ýokarydygy aýdylýar. Şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistany çaga zähmetini ulanmakda tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG