Sepleriň elýeterliligi

'Ogurlanan çagalyk': Türkmenistan ençeme çagany çagalykdan mahrum edýän ýurt


Çagalar ýoluň gyrasynda gawun satýarlar, Türkmenistan

Şu günki gün dünýäde azyndan 700 million çaga çagalykdan mahrum edilýär diýlip, “Save The Children” aty halkara guramasynyň dünýäde 1-nji iýunda bellenýän halkara çagalar gününe gabatlap çap eden “Ogurlanan çagalyk: Çagalygyň soňy 2017” atly hasabatynda belleýär, şeýle-de, agzalan sanyň hakykatda ýene birnäçe ýüz million artyk bolmagy mümkin diýýär.

Muňa gowşak saglygy saklaýyşyň, möwjän zorlugyň, ýaş gyzlaryň durmuşa çykarylmagynyň, göwreli bolmagynyň, çagalaryň ýeterlik iýmitlenmezliginiň, okuwdan mahrum edilmeginiň we işlemeginiň täsir ýetirýändigi bellenýär.

Berlen käbir sanlara görä, şu günki gün dünýäde 263 million çaga bilim almakdan mahrum bolýar, 168 million çaga işledilýär, 156 million çaga ýeterlik derejede iýmitlenmeýär.

“Ogurlanan çagalyk” atly hasabatda 77-nji orunda ýerleşdirilen Türkmenistan çagalar belli bir derejede çagalykdan mahrum edilen ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Hasabatda Tükmenistanda çagalaryň ýagdaýyny görkezýän statistika maglumatlarynda şeýle sanlar beriýär:

5 ýaşyna ýetmän ýogalýan çagalar - her 1000 çagadan 51.4

Azyk ýetmezçiliginden horlanýan çagalar - 11.5%

Çaga zähmedine çekilýän 5-14 ýaş aralygyndaky çagalar - 0.3%

15-19 ýaş aralygynda durmuş gurýan çagalar - 6%

15-19 ýaş aralygyda çaga dogurýan ýetginjek gyzlar - her 1000 çagadan 16

Hasabatda Türkmenistana degişli berlen ýene bir maglumat 19 ýaşyna çenli öldürilýän çagalaryň sanyna degişli. Maglumatda Türkmenistana degişli bu san ýurtda her 100 000 adam başyna 1.3 diýlip görkezilýär.

Hasabatdaky sanlar 2011-2016-njy ýyllar aralygydaky statistika esaslanylýar.

“Save The Children” aty halkara guramasynyň “Ogurlanan çagalyk: Çagalygyň soňy 2017” atly hasabatynda, Türkmenistana berlen umumy baha 865 balldan ybarat.

172 ýurdy öz içine alýan hasabatda ýeterlik iýmitlenmezlik, garyplyk, çaga zähmeti we bilim ýetmezçiligi ýaly howplaryň çagalaryň geljegini hatar astynda goýýandygy bellenýär.

Dünýä derejesinde çagalaryň ýagadaýy boýunça iň oňyn baha Norwegiýa berildi. Çagalyk üçin iň elhenç ýurduň Nigerdigi aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG