Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Mekdepler ýörite ugurlar boýunça üç topara bölündi


Illýustrasiýa

Türkmenistanyň mugallymlaryna we okuwçylaryna öňünden duýdurylmazdan, olaryň işleýän we okaýan mekdepleri dürli ugurlar boýunça “çuňlaşdyrylan bilim berýän mekdepler” diýlip üç topara bölündi.

Aşgabadyň 48-nji, 51-nji, 55-nji mekdeplerinde, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň 12-nji, 13-nji, 14-nji mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň aýtmagyna görä, ýurduň Bilim ministrliginden berlen görkezmä laýyklykda, 2016-2017-nji okuw ýylynyň başynda Türkmenistan boýunça orta bilim berýän mekdepler üç topara bölündi:

  1. Takyk ylymlar boýunça çuňlaşdyrylan bilim berýän mekdepler. Bu mekdeplerde fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp okatmak göz öňünde tutulýar.
  2. Tebigy ylymlar boýunça çuňlaşdyrylan bilim berýän mekdepler. Bu mekdeplerde himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp okatmak göz öňünde tutulýar.
  3. Ynsanperwer ylymlar boýunça çuňlaşdyrylan bilim berýän mekdepler. Bu mekdeplerde Türkmenistanyň taryhy hem-de türkmen dili we edebiýaty derslerini çuňlaşdyryp okatmak göz öňünde tutulýar.

Aýdylmagyna görä, bu ugurlar boýunça häzir 10-11-nji klaslarda, soňra-da 12-nji klaslarda, ýagny üç klasda degişli ugurlar boýunça çuňlaşdyrylan bilim bermek maksat edinilýär.

Aşgabatly we balkanly mugallymlaryň ençemesi bu bölünişik amala aşyrylanda, mekdebiň pedagogik kollektiwi, ýagny mugallymlar ýa-da ýolbaşçylar bilen maslahatlaşylmandygyny aýdyp, bu barada diňe gutardyş ekzamenleri möwsümi başlananda bilip galandyklaryny aýdýarlar.

“Mekdep ýolbaşçylary “biz size aýdybam durmadyk. Mekdepler üç topara bölünen bolsa-da, häzir şol üç ugur boýunça çuňlaşdyryp okatmaga entek okuw kitaplary taýyn däl we pedagogiki kadrlar hem ýetmezçilik edýär. Şonuň üçin aýdybam durmadyk. Ýokardan gelen görkezmä görä, okuwçylardan dört sapak boýunça ekzamen alyň’ diýip aýtdylar” diýip, howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran, Aşgabadyň 48-nji mekdebiniň mugallymy aýtdy.

Onuň sözüne görä, täze düzgüne laýyklykda, häzirki wagt mekdeplerde geçen ýyllardaky ýaly ýedi sapak boýunça däl-de, dört sapak boýunça ekzamen tabşyrylýar. Mekdepleriň ählisinde türkmen dili we edebiýaty, algebra we analiziň başlangyçlary we jemgyýeti öwreniş sapaklaryndan ekzamen tabşyrylýar. Dördünji sapak bolsa, mekdebiň ýöriteleşdirilen ugruna görä kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan ýurduň orta mekdepleriniň dürli ugurlar boýunça toparlara bölünendigi ýa-da bölünmändigi barada ilat köpçüligine henize çenli aç-açan maglumat berilmedi.

Bu mesele dogrusynda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen habarlaşanda-da, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ýerli synçylaryň we mugallymlaryň ençemesi mekdepler dürli ugurlar boýunça üç topara bölünse-de, mekdepleriň okuw programmalarynyň biri-birinden tapawutlanmaýandygyny aýdyp, bu bölünişigiň sebäplerini türkmen häkimiýetleriniň ýurduň daşyna hasabat berende, “biz bilimleri çuňdan öwredýäris” diýmek maksady bilen amala aşyrandygyny aýdýarlar.

“Ýöne hasabat üçin, ylaýta-da, ýurduň daşyna hasabat bermek üçin edilýän oýuna, edilýän işe meňzeýär. Sebäbi ýurduň içinde mekdepler üç topara bölünen bolsa-da, hiç hili üýtgeşik okuw programmasy ýok. Ähli mekdep üçin şol bir okuw programmasy ulanylýar. Ýurduň daşyna hasabat bermek, olara Türkmenistandaky bilim pudagynyň diňe oňatlyk boýunça ösýändigini gürrüň etmäge esas bermek üçin edilen iş diýip, tejribeli mekdep mugallymlary we ýolbaşçylary zeýrenýärler” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Türkmenistanda 2007-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, ozalky prezident S.Nyýazowyň bilim pudagynda alyp baran syýasaty üýtgedildi we orta mekdepler 9 ýyllykdan 10 ýyllyga, soňy bilen 11 ýyllyga geçirildi. Şeýle-de, ýurduň orta mekdeplerinde 12-nji klasy tamamlajak okuwçylar, ilkinji gezek 2025-nji ýylda uçurym bolarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG