Sepleriň elýeterliligi

Goşmaça tölegler hususy firmalaryň ‘ýapylmagyna getirýär’


Illýustrasiýa

Maý aýynda Türkmenistanda ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza hususy firmalaryň azyndan 12-si ýapyldy diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşiriň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 7-nji iýunda beren maglumatynda ýapylýan bu firmalaryň, esasan, ýol gurluşyklaryny amala aşyrýandygy aýdylyp, olaryň ýapylmagynyň sebäbiniň diňe buýurmalaryň sanynyň azlygy ýa-da döwlete tabşyrylýan desgalar üçin tölegleriň gijikdirilmegi bilen baglanyşykly däldigi bellenilýär.

“Mundan öň hususy firmalary ‘uky režiminde’ saklap bolýardy. Ýagny işiň ýa-da buýurmaň ýoklugy sebäpli girdeji bolmaýan wagty, salgyt gullugyna nol (0) balans görkezip bolýardy. Indi bolsa, girdeji bar ýa-da ýok, muňa garamazdan, pensiýa fondy hususy firmalarda hasaba alnan ähli adamlardan aýlyk goşmaçalary tölemegi talap edýärler. Bu firmalarda bolsa, azyndan 10 adam işleýär. Munuň bilen bir wagtda, hususy firmalar işgärleriň bank we saglyk ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hem tölemeli bolýarlar” diýip, neşiriň maglumatynda nygtalýar.

Telekeçiler hususy firmalary ýapmak hem wagt, hem-de maliýe taýdan çykdajy talap edýän bolsa-da, girdeji alman, yzygiderli goşmaçalary tölemegiň deregine olary ýapmagyň has peýdalydygyny belleýärler.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen habarlaşanda, bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Emma soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri orta we kiçi telekeçileriň işine garşy ençeme tapgyr çäklendirmeleri girizip, olaryň banklarda pul konwertasiýalaryny, daşary ýurtlara öz ýany bilen äkidip bilýän plastik kartlarynyň sanyny çäklendirdi.

Mundanam başga, olaryň patent we şahadatnama almak üçin tölemeli tölegleri, girdeji salgydy we pensiýa fonduna geçirýän tölegi ýokarlandyryldy. Şeýle-de, käbir telekeçilerden Aziýa oýunlaryny guramalaşdyrmak üçin “meýletin” diýlip “mejbury gatançlar” talap edildi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň fonunda, telekeçilere girizilen bu çäklendirmeleriň, býujet işgärleriniň aýlyklarynyň wagtynda berilmezliginiň we ýurtda emele gelen nagt pul gytçylygynyň, esasan-da, orta we kiçi telekeçileriň öz işini dowam etdirmegini barha kynlaşdyrýandygyny, şol sebäpli ençeme hususy firmalaryň ýapylýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew paýtagtda we welaýatlarda kireýine hödürlenýän söwda dükanlarynyň ençemesiniň hem boş durandygyny aýdýar.

“Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrundaky jaýlaryň birinji gatynda ýerleşýän 21 dükanyň hususy eýeçilige satylýandygy hakyndaky bildiriş indi üç ýyldanam köp wagt bäri gazetde yzygiderli çap edilýär. Ýöne şony satyn alýan adam ýok diýip ynamly aýdyp bolýar. Sebäbi şol bir sanaw yzygiderli gaýtalanýar. Indiki salynjak jaýlarda-da dükanlary kärendesine almak hödürlenýär. Öňki dükanlar gymmat bahaly bolup, satyn alynmaýan bolsa, indi hatda dükanlary kärendesine-de almakdan ýüz öwürýärler” diýip, Bugaýew aýdýar.

Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, telekeçileriň we ilatyň başdan geçirýän problemalary barada ýurduň resmi media serişdelerinde habar berilmese-de, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy iýunda geçiren iş ýygnagynda, ýurduň maliýe-ykdysady we bank toplumynyň işine ýiti nägilelik bildirdi we pudagyň ýokary derejeli dört resmisine berk käýinç yglan etdi.

Şeýle-de, ol “nebitiň we gazyň bahasynyň durnukly pese düşmeginiň aktiwleriň hem-de maýa goýumlaryň halkara bazarlarynyň ýagdaýyna täsir edýändigini” aýdyp, ‘biziň ýurdumyzyň söwda hyzmatdaşlary bolup durýan döwletlerde hem ykdysady işjeňlik peselýär” diýdi. Emma ol munuň ýurda ýetirýän täsirleri barada anyk mysallar getirmedi.

Dünýäde energiýa bahalarynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini, halkara ekspertleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi aýdýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG