Sepleriň elýeterliligi

Dünýä liderleri sosial mediada işjeňleşýär


Donald Tramp (@realDonaldTrump) Twitter sosial ulgamynda iň köp yzarlanýan ikinji liderdir.

Indi iki ýyldan bäri "Burson-Marsteller" atly jemgyýetçilik gatnaşygy we kommunikasiýa firmasy "Twiplomacy" atly hasabatyny halk köpçüligine hödürläp gelýär. Bu hasabatda Twitter, Facebook, Instagram, Periscope we Snapchat ýaly sosial media ulgamlaryndan nähili peýdalanylýandygy beýan edilýär.

Bu ýylky hasabatda aýan edilmegine görä, sosial mediadan peýdalanýan Papa Francis we Hindistanyň primýer-ministri Narendra Modi öz janköýerleriniň sanyny köpeldipdir.

Hasabatda ABŞ-ň prezidenti Donald Tramp ýaly täze liderler hem peýda bolupdyr. Ol soňky birnäçe aýda millionlarça täze janköýeri özüne çekip, Twitter sosial ulgamynda iň köp tomaşa edilýän dünýädäki ikinji lidere öwrülipdir. Guramanyň bildirmegine görä, eger şeýle dowam etse, onda Tramp Papa Francisi hem ozup geçer we awgustyň ahyryna çenli iň köp tomaşa edilýän lidere öwrülip biler.

Iň ýörgünli platforma

Donald Trampyň Twitter sosial ulgamda ýazýan twitteri beýleki hökümetlere hem öz täsirini ýetiripdir. Olaryň köpüsi şeýle Twitter ýörgünliligine goşulyşmagyň abaýyny tapmaga synanşyk edýärler. Argentinadan @MauricioMacri, Kanadadan @JustinTrudeau, Iordaniýadan @KingAbdullahII, Saud Arabystanyndan @KingSalman we Türkiýeden @RT_Erdogan soňky bir ýylda Twitter sosial ulgamynda hasam rowaçlanmagy başardylar.

Argentinanyň prezidenti Snapchat ýaly sosial ulgamda has işjeň bolmak bilen has köp ýaşlary, ýagny geljegiň saýlawçylaryny öz täsiri astyna almaga dalaş edýär. Köpsanly hökümet bolsa Periscope sosial ulgamyndan peýdalanmak bilen metbugat beýannamasyny ol ýerden göni efirde berýär ýa-da wideo ýygnaklaryny şol ýerde geçirýär.

Twitter sosial ulgamy hökümetleriň, daşary işler ministrlikleriniň iň köp ýykgyn edýän media kanalydyr. Muny olaryň sanyndan görmek hem bolýar. "Burson-Marsteller" barlag toparynyň aýan etmegine görä, Twitter sosial ulgamynda 856 hasap 178 ýurduň döwlet ýolbaşçylary, hökümetler we daşary işler ministrlikleri tarapyndan ulanylýar. Bu san BMG-niň agza ýurtlaryň ýüzden 92 göterimine barabardyr. Şol hasaplaryň bolsa jemi 356 million tomaşaçysy bar.

Ylaýta-da Afrika, Aziýa we Ýuwaş okeany sebitlerinde ýerleşýän 15 ýurt Twitter sosial ulgamyndan peýdalanmaýar.

Hatda Günbataryň sosial ulgamlaryny petikleýän "Beýik diwary" bilen meşhurlyk gazanan Hytaýyň hökümeti hem barha sosial media ykjam aralaşýar we diplomatik missiýalaryndan käbiri Twitter ulgamlarynda kärdeşleri bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar.

Beýleki ulgamlar

Facebook sosial ulgamy bolsa hökümet ýolbaşçylarynyň arasynda has ýörgünli ikinji media serişdesidir. 169 ýurduň döwlet hem hökümet ýolbaşçylary bilen daşary işler ministrlikleri bu sosial ulgamy diýseň işjeň ulanýarlar. Bu san BMG agza ýurtlaryň ýüzden 88 göterimine barabardyr. Olaryň Facebook sosial ulgamyndaky sahypalarynyň jemi 283 million muşdagy bar. Ortaça hasaplananda, Facebook sahypalary Twitter hasaplaryndan has ýörgünlidir. Bir sahypany ortaça 38 891 adam goldaýan bolsa, Twitter sosial ulgamynda bir hasaba 16 848 adam tomaşa edýär.

"YouTube" hökümetleriň arasynda iň ýörgünli üçünji media serişdesidir. 147 hökümet, ýagny BGM agza ýurtlaryň ýüzden 76 göterimi ondan wideoarhiw ýaly peýdalanýar. Oňa agza bolanlaryň sany ortaça 734 töweregindedir.

Surat paýlaşylýan ulgam bolan Instagram hem dördünji ýörgünli media serişdesidir we BMG agza ýurtlaryň ýüzden 73 göteriminiň onda öz hasaby bar. Ol ulgamda açylan 330 hasaba ortaça 2 822 adam tomaşa edýär.

Google hem iň ýörgünli media serişdeleriniň ilkinji bäş sanysynyň arasynda orun alýar. 128 ýurduň ýa-da BMG agza ýurtlaryň ýüzden 66 göterimi bu platformadan işjeň peýdalanýar. Ýöne ol ulgamdaky 261 sahypanyň diňe dörtden bir bölegi has işjeň hereket edýär. Hökümetleriň Google+ sahypalarynda ortaça 55 tomaşaçy bar.

Ýene Twitter

Hasabatda aýan edilişine görä, ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama wezipesinden aýrylandan soň, Papa Fransic (@Pontifex) Twitter sosial ulgamynda iň köp tomaşa edilýän lidere öwrülipdi. Häzirki wagtda onuň dürli dillerde taýýarlanan 9 hasabynyň 33,7 million tomaşaçysy bar. Onuň resmi hasaplarynda her gün dürli pikirler we dogalar dowamly ýaýradylýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (@realDonaldTrump) bolsa iň köp tomaşa edilýän ikinji liderdir. Onuň 30,1 million tomaşaçysy bar. Tramp geçen ýyl bolan prezidentlik saýlaw kampaniýasynda tomaşaçy sanyny üç esse artdyrypdy. Şu ýylyň 20-nji ýanwarynda prezidentlik wezipesine başlamagyndan soňra, onuň tomaşaçy sany aýda 5,7 göterim köpelipdi.

Twitter sosial ulgamynda dünýäde iň köp tomaşa edilýän üçünji syýasatçy bolsa Hindistanyň primýer-ministri Narendra Modi (@NarendraModi). Şahsy hasabynyň 30 million, resmi @PMOIndia hasabynyň bolsa 18 million tomaşaçysy bar we ol hasaby hem şeýlelikde 4-nji orunda durýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG