Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Astanada halkara serginiň açylyşyna gatnaşdy


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň  prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen, Astana, 18-nji aprel, 2017
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň  prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen, Astana, 18-nji aprel, 2017

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy iýunda Gazagystana sapara baryp, “Astana EKSPO —2017” atly ýöriteleşdirilen halkara serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

“Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda geçirilýän sergi “energiýanyň alternatiw çeşmeleri bilen bagly meseläni şöhlelendirer” diýip, TDH-nyň habarynda bellenýär.

Şeýle-de neşir prezident G.Berdimuhamedowyň Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşyp, döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşandygyny, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada pikir alşandygyny habar berýär.

Mundanam başga, Berdimuhamweow gazk kärdeşini Aşgabada, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Habarda N.Nazarbaýewiň çakylyk üçin hoşallyk bildirendigi aýdylýar, emma onuň Aziada-2017-niň açylyşyna geljegi ýa gelmejegi barada şondan aňryk geçilmeýär.

Emma muňa garamazdan, TDH gazak lideriniň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berendigini belleýär.

Türkmen lideri Astanadaky açylyş dabarlary aýdym-saz programmalary bilen jemlenenden soň, bu ýere sapara gelen hytaýly kärdeşi Si Szinpin bilen duşuşdy.

Prezident Berdimuhamedowyň Gazagystana iş sapary dowam edýär.

XS
SM
MD
LG