Sepleriň elýeterliligi

Owganystan terror pidalarynyň ýasyny tutýar


Prezident Aşraf Gani

Owganystan 10-njy iýunda ýurtda golaýda bolan uly terror hüjümleriniň pidalarynyň ýasyny tutýar.

Soňky hepdelerde ýurduň dürli ýerlerinde bolan üç hüjümde azyndan 200 adam öldi, 600-den gowrak adam ýaralandy.

Prezident Aşraf Gani 9-njy iýunda çap eden beýantynda “golaýda bolan terror hüjümlerinde şehit bolanlaryň hatyrasyna” milli baýdaklaryň ýarpy aşak goýberiljekdigini aýtdy.

Bu ýas paýtagt Kabulda, günorta-gündogardaky Khost we günbatardaky Hyrat welaýatlaryndaky terror hüjümleriniň pidalarynyň hatyrasyna tutulýar. Owgan resmileri 31-nji maýda Kabulda bolan partlamanyň 150-den gowrak adamy öldürip, 460 adamy ýaralandygyny aýtdylar.

27-nji maýda Khost şäherinde, “Talyban” ýerli milisiýa güýçlerini nyşana alanda, 13 adam ölüp, 8 adam ýaralandy. 6-njy iýunda Hyratdaky bir metjitde bolan partlama bolsa azyndan 7 adamy öldürdi, 15 adamy ýaralady.

XS
SM
MD
LG