BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bu Merkezi Aziýa ýurdunda adam hukuklarynyň ýagdaýyny ara alyp maslahat etdiler.
Guterrişiň 12-nji iýunda geçirilen gepleşikleriň yzýany žurnalistlere aýtmagyna görä, BMG Täjigistana guramanyň Adam hukuklary boýunça rekomendasiýalaryny berjaý etmäge ýardam berer.
Guterriş Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparyny 8-nji iýunda başlap, Gazagystana bardy we regionyň dört ýurduny, Orsýeti, Hytaýy, şeýle-de guramanyň iki sany täze agzasyny Pakistany we Hindistany öz içine alýan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.
BMG-niň Baş sekretary 10-njy iýunda Özbegistana we 11-nji iýunda Gyrgyzystana sarap etdi. 13-nji iýunda Guterrişiň Türkmenistana barmagyna garaşylýar.
“Human Rights Watch” (HRW) guramasy 7-nji iýunda çap eden beýannamasynda Guterrişi “Merkezi Aziýanyň liderlerine basyş edip, takyk öňegidişlikleri, şol sanda gynamalaryň, demonstrasiýalara hem söz azatlygyna basyşlaryň soňuna çykmagy talap etmäge” ündedi.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok