Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa boýunça meşhur websaýt Gyrgyzystanda petiklendi


“Fergana.ru” neşriniň baş redaktory Daniil Kislow
“Fergana.ru” neşriniň baş redaktory Daniil Kislow

Merkezi Aziýa boýunça maglumat berýän düýbi Orsýetde ýerleşýän “Fergana.ru” atly meşhur websaýt Gyrgyzystanda petiklendi. Bu ýagdaý internet neşriň habarçysynyň etnik ýigrenji tutaşdyrmakda aýyplanyp sud edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

“Fergana.ru” neşriniň baş redaktory Daniil Kislow 11-nji iýunda çap eden beýannamasynda öz habarçysy Ulugbek Babakulowyň sud edilmeginiň ertesi websaýtyň petiklenendigini aýtdy.

Kislow Babakulowyň sud edilmeginiň we saýtyň petiklenmeginiň syýasy matlaplydygyny aýdýar. Şeýle-de, ol neşriň Babakulowyň derňew astynda bolan döwründe habarçy bilen gatnaşygyny bes edendigini belleýär.

Babakulowa garşy gozgalan iş onuň bir özbek we dört gyrgyz adamyň arasyndaky konflikt barada maý aýynda çap eden we sosial ulgamlarynda reaksiýa döreden makalasyna esaslanýar.

Gyrgyz kanun çykaryjylary 1-nji iýunda Babakulowyň makalasyny “öjükdiriji” diýip atlandyrdylar we onuň 2010-njy ýylda Gyrgyzystanyň günortasynda gyrgyzlaryň we özbekleriň arasynda bolan etnikara çaknyşyklaryň ýyl dönüminiň öňüsyrasynda bolandygyna ünsi çekdiler. Şol çaknyşyklar zerarly 442 adam wepat bolupdy.

2-nji iýunda AÝ/AR bilen söhbetdeş bolan Babakulow, meseläni gozgamak isländigini, emma ýigrenji tutaşdyrmak niýetiniň bolmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG