Sepleriň elýeterliligi

Mary welaýaty atly ýörişe gatnaşyjylary garşylady


Atly ýörişe gatnaşyjylar

Şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilmeli 5-nji Aziýa oýunlary mynasybetli Aşgabadyň etegindäki gadymy Nusaý galasyndan badalga berlen 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjy 17 atlynyň, Aziýa oýunlaryna 100 gün galanda, Mary şäherine gelmegi mynasybetli hem-de Aziada - 2017 oýunlary boýunça halkara metbugatynda atly mediaforumyň geçirilmegi mynasybetli Mary welaýatynyň ýaşaýjylary 10-njy Iýunda atly ýörişe gatnaşýanlary garşylamak çäresine çekildiler.

Marynyň welaýat häkimliginiň efirde adynyň tutulmazlygyny soran bir işgäriniň aýtmagyna görä, bu çärä Mary welaýatynyň ähli mekdep mugallymlary, mekdep okuwçylary, Mary şäherindäki orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet we sungat işgärleriniň ählisi çekilipdir.

Etraplardan çärä gatnaşmaly işgärleriň, mekdep okuwçylarynyň bir gün oňünden ýörite awtoulaglarda, Mary şäherine alnyp gidilendigini Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, mugallyma Maýsa gürrüň berýär.

Onuň sözüne görä, bir gün öňinçä çärä gatnaşmaly adamlar ýörite awtoulaglarda Mary şäherine gidilipdir we atly ýörişe gatnaşyjylary garşylamak üçin, janly koridor gurnalypdyr.

Çärä gatnaşmaly adamlar iş orunlaryny taşlap, bu çärä gatnaşdyrylan bolsa, käbir edara-kärhanalaryň dynç alyşdaky işgärleri hem öz dynç alyşlaryny togtadyp, bu çärelere gatnaşmaga mejbur edilipdir.

Ozal agşamdan aýak üstünde durmaly bolan çäreçiler ertirki güne taýýarlyk üçin, uzakly gijäni hem hereketde bolandyklaryny aýdýarlar.

Mary şäheiriniň köp ugurly sport toplumynda gurnalan çäreleriň resmi ýagdaýda geçirilendigini, bu çärelere tomaşa etmeli adamlaryň ozaldan sanawynyň düzülmegi bilen, köp ugurly sport toplumyna adaty şäher ýaşaýjylarynyň goýberilmändigini, Maryly Orazsähet aga aýdýar.

Howanyň 40 gradusdan geçýän yssy günlerinde şeýle çäreleriň gurnalmagy bilen diňe bir mekdep okuwçylarydyr çagalar baglarynyň körpeleri däl, uly adamlaryň hem aç-suwsuzlykdan ejir çekmeli bolýandyklaryny Orazsähet aga sözüne goşýar.

Yssy howada ozal agşamdan aýak üstünde duran çagalaram, ulularam, ertesi güni hem uzakly güni günüň aşagynda butnaman durmaga mejbur edildiler.

Öz ýanyňda iýmit ýa içmek üçin gaplanan suwlary hem almaga rugsat edilmeýänligi üçin, käbir mekdep okuwçylarynyň özünden gidýän pursatlarynyň hem bolýandygyny çärelere gatnaşýan çäreçiler gizläp hem duranoklar.

Çäreçileriň aýtmaklaryna görä, heläkçilige düşýän çagalaram, ulularam ýeterlik medisina kömegni hem alman, olary göze ilmez ýaly bukurak ýere çekýändiklerini, çäre gutarman bolsa, olaryň öýlerine barmaklary üçin hiç bir alada edilmeýändigini, telewideniýe arkaly bolsa, ähli zadyň gülala-güllükdiginiň magtalýandygyny hem çärä gatnaşyp, kösenýän ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG