Sepleriň elýeterliligi

Guterriş Türkmenistanda dereksiz ýiten bendileriň ykbalyny gozgamaga çagyrylýar


Türme, Türkmenbaşy şäheri

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana edýän saparynyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary ony ýurtda adam hukuklarynyň problemalaryna ünsi çekmäge çagyrdylar.

Türkmen türmelerinde dereksiz ýiren onlarça adamyň ykbaly barada maglumat berilmegi ugrunda iş alyp barýan “Olary diri görkeziňi!” atly halkara kampaniýasy BMG-niň Baş sekretaryna we BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al Husseýniň adyna ýazan beýannamasynda “sizi Türkmenstanyň liderleri, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyňyzda, türkmen häkimiýetlerinden, ýurduň türmelerinde adamlaryň zor bilen ýitirim edilmeginiň masgaraçylykly tejribesini dessine bes etmegi talap etmek üçin, öz ygtyýaryňyzy ulanmaga çagyrýarys” diýlip bellenýär.

“Olary diri görkeziň!” atly kampaniýa türkmen häkimiýetlerini ýurduň türmelerinde zor bilen ýitirim edilen adamlaryň ykbaly barada, olaryň maşgala agzalaryna we halkara jemgyýetçiligine maglumat berilmegini, olaryň hossarlarynyň ýanyna goýberilmegini, halkara synçylarynyň, şol sanda “Halkara Gyzyl haç” guramasynyň wekilleriniň türkmen türmelerine, şeýle-de gizlin “Owadandepe” türmesine goýberilmegini talap edýär. Kampaniýanyň çap eden sanawynda, Türkmenistanda tussag edilip, dereksiz ýiten 88 adamyň ady görkezilýär we olar barada maşgala agzalaryna hiç hili habar berilmeýändigi aýdylýar.

Tussaglykda dereksiz ýitenleriň bu sanawynda, Türkmenistanyň öňki prezidenti merhum Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýlip, türkmen häkimiýetleri tarapyndan atlandyrylan wakalara gatnaşykda aýyplanyp, tussag edilenleriň onlarçasy, şol sanda öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow we ýurduň BMG-däki öňki ilçisi Batyr Berdyýew bar. 2002-nji ýylyň aýagyndan bäri olaryň ykbaly nämälim galýar.

“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana etjek saparynyň öňüsyrasynda ýaýradan beýannamasynda, zor bilen ýitirim edilmeleriň halkara kanunlaryna görä jenaýatdygy bellenýär we Türkmenistan tarapyndan gol çekilen, Graždan hem syýasy hukuklar boýunça halkara ylalaşygynyň (ICCPR) we Gynamalara gary konwensiýanyň kepil geçýän hukuklary gödek depelenýändigine ünsi çekýär.

Türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilmeler meselesi soňky ýyllarda halkara duşuşyklaryň ençemesinde , şol sanda BMG-niň adam hukuklary we

gynamalara garşy komitetleriniň maslahatlarynda, ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça ýyllyk duşuşyklarynda ençeme gezek gozgaldy, türkmen hökümetine bu tejribäni bes etmek hakynda rekomendasiýalar edildi. Hususan-da, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda BMG-niň adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň zor bilen ýitirim edilmeleriň we adam hukuklarynyň ençemesiniň depelenmeginiň pidasy bolandygyny ykrar edipdi.

“Biz prezident Berdimuhamedowyň hormat goýýandygyny aýdýan BMG-niň normalaryna boýun bolmagyny talap etmegiňize ündeýäris!” diýip, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň birnäçesini öz içine alýan “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýanyň BMG-niň Baş sekretarynyň adyna ýazan açyk hatynda aýdylýar.

Antoniu Gutterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän regional saparynyň çäginde, 13-nji iýunda Aşgabada barmagyna garaşylýar.

Şu ýylyň başynda BMG-niň Baş sekretary wezipesine geçen Antoniu Gutterriş bu wezipede Merkezi Aziýa regionyna 8-nji iýunda başlan ilkinji saparynyň çäginde Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyzystana we Täjigistana sapar etdi.

12-nji iýunda Duşenbede Täjigistanyň prezidenti bilen geçiren duşuşygynda Guterriş bu ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gozgady we hususan-da, BMG-niň Täjigistany BMG-niň adam hukuklary boýunça rekomendasiýalaryny berjaý etmegine ýardam berjekdigini mälim etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa saparynyň öňüsyrasynda “Human Rights Watch” (HRW) guramasy 7-nji iýunda çap eden öz beýannamasynda Guterrişi “Merkezi Aziýanyň liderlerine basyş edip, takyk öňegidişlikleri, şol sanda gynamalaryň, demonstrasiýalara hem söz azatlygyna basyşlaryň soňuna çykmagy talap etmäge” ündedi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG