Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Orsýet bilen gatnaşyklaryny derňeýän ýörite geňeşçini işden boşatmak meselesine seredýändigi aýdylýar


Robert Mueller
Robert Mueller

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýakyn ýarany onuň geçen aýda Adalat departamenti tarapyndan Orsýetiň we Trampyň saýlaw kampaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary derňemek üçin bellenen ýörite geňeşçi Robert Muelleri wezipesinden boşatmak meselesine seredýändigini mälim etdi.

“Meniň pikirimçe, ol ýörite geňeşçiniň işini bes etmeklige seredýär. Meniň pikirimçe ol bu mümkinçilik barda oýlanýar” diýip, “Newsmax Media” guramasynyň ýolbaşçysy we Trampyň dosty Kristofer Ruddy 12-nji iýunda PBS telewideniýesine aýtdy.

Şeýle-de Kristofer Ruddy Muelleriň ýörite geňeşçi wezipesine bellenmezden ozal, Federal derňew býurosynyň müdiri wezipesine bellenmegine seredilendigini we munuň Tramp bilen konfliktiň tutaşmagyna getirip biljekdigini belledi.

Ak Tamyň metbugat-wekili Sean Spiser Ruddynyň “prezident bilen bu mesele dogrusynda hiç wagtda gepleşmändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG