Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetabat-Aşgabat ýolagçy otlusynyň güzaplary


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Şu ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanda ýolagçy otlularynyň we uçarlaryň petekleriniň nyrhlarynyň 100 göterime çenli ýokarlanmagy bilen Aşgabat -Serhetabat aralygna gatnaýan ýolagçy otlusynyň hyzmatyndan peýdalanýan ýolagçylaryň çekýän kynçylyklarynyň ozalkydan artandygy aýdylýar.

Serhetabatly ýaşaýjy, 60 ýaşly pensioner Aýgül daýzanyň aýtmagyna görä, ýolagçy otlusynyň hyzmatlarynda gowulyga tarap hiç bir üýtgeşiklik göze ilmeýär. “Şol ozalky hapa düşekler, şol ozalky çaýsyz-suwsuz wagonlar. Agşam ýatyp ertir tursaň, düşekleri ýygnanyňda küpäniň içini tozan gaplap, demiň tutulýar. Kä bir wagonlaryň hajathanalarynyň suw kranlary hem kadaly işlemeýär, hajathanalaryň gapylary oňat ýapylmaýar, wagonlara düşelen haly-düşekleriň reňkiniň nähilidigini tanap bolanok” diýip, Aýgül daýza sözüni dowam edýär.

“7-nji Iýundan başlap, ilata öňünden hiç bir bildiriş berilmezden, Serhetabat-Aşgabat ýolagçy otlusynyň gatnaw tertibi üýtgedilipdir. Bu aralyga gatnaýan ýolagçylar ýolagçy otlusyna münjek wagty, otlynyň gatnaw tertibiniň üýtgedilendigini bilip galypdylar.

Otla münmäge gelen ýolagçylar, iki sagatlap ýolagçy otlusynyň gelerine garaşdylar. Serhetabatdan ozal 14-00-da ugraýan ýolagçy otlusy, indi 16-da ugraýar. Wagtynyň iki sagat üýtgedilmegi bilen, ozal ir sagat 8-20-de Aşgabada gelýän ýolagçylar, indi 10-20-de Aşgabada gelip düşýärler.

Bu bolsa Aşgabada iş bilen gelenlere kyn boldy. Myhman jaýy bolmasa, olaryň yzyna gaýtmagyna uly bökdençlik döretdi. Sebäbi ozal hassahanalara, ministrliklere işi düşüp gelýän adamlar günübirin işini bitiren bolsalar, olarda indi şeýle mümkinçilik juda çäkli boldy” diýip, Aýgül daýza aýdýar.

“Otly hyzmatlarynda ilata bir kynçylyk döredilýän bolsa, şeýle kynçylyklaryň ählisi edil Serhetabat-Aşgabat ýolagçy otlusynyň paýyna düşen ýaly” diýip, bu ýolagçy otlusynyň ýolagçylary hemişe zeýrenýärler.

Wagtyndan gijä galyp gelmek, çaýsyz-suwsuz kösençlikler, hapa düşekler, üstesine-de ýolagçy otlusy Aşgabada gelende, hemişe ýoluň ikinji liniýasynda saklanyp, eli ýükli ýolagçylar, ýarawsyz garrylar, adaty näsaglar demirýol menziliniň wokzal jaýyna geçmek üçin, belent köprä münmeli bolýardylar.

Ýolagçy otlusynyň Aşgabada gelmeli wagtynyň üýtgemegi bilen otly indi Aşgabadyň golaýyndaky Änew demirýol duralgasyna gelende, ýoluň ikinji liniýasynda saklanýar.

Birinji liniýa boş bolup, ondan Aşgabat-Türkmenabat ýolagçy otlusynyň gelmegine garaşylýar.

Bu bolsa Änewde otludan düşmek isleýän serhetabatly ýolagçylaryň demirýolyň relsleriniň ütsünden çem gelen ýerden geçip, wokzal jaýynyň meýdançasyna çykmakda, uly kynçylyklary döredýändiginden ýolagçylar juda nägile bolýarlar.

“Serhetabat-Aşgabat ýolagçy otlusy edil gargyş siňen ýaly, men özümi bilip, şu ýolagçy otlusynyň hyzmatyndan hezil eden wagtym ýok” diýip, serhetabatly pensioner Aýgül daýza nygtaýar.

XS
SM
MD
LG