Sepleriň elýeterliligi

Guterreş öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kabula bardy


Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterreş Owganystanda. 14-nji iýun, 2017 ý.

Öňünden yglan edilmedik sapar bilen Kabula baran Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterreş owgan konflikti zerarly öý-öwzaryndan jyda düşen adamlar bilen duşuşdy.

Konfliktdäki taraplaryň ählisi özara ýygnanmaly “bu bir harby çözgüdi bolmadyk uruş” diýip, Guterreş 14-nji iýunda owgan paýtagtynyň golaýynda aýtdy.

Ol soňra hem: “Bize syýasy çözgüt gerek, bize parahatçylyk gerek” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Guterreş şu gün ir bilen Kabulda uçardan düşeninden soňra “Twitterde” Birleşen Milletler Guramasy “zorluk we ejir-azaply döwürde Owganystanyň tarapyndadyr” diýip ýazdy.

Guterreşiň Owganystana sapary 31-nji maýda Kabulda ýük ulagy arkaly amala aşyrylan we 150-den agdyk adamyň heläklenmegine getiren hüjümden soňra bolýar. 2001-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda ýurda basyp gireli bäri owgan paýtagtynda munça adamyň başyna ýeten partlama bolmandy.

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Kabula özüniň Merkezi Aziýa eden saparyndan soňra bardy. Ol bu saparyň dowamynda Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Täjigistana we Türkmenistana aýlanyp çykdy.

Baş sekretaryň kömekçisi Ýan Kubis “BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň haýyşy esasynda bu guramanyň Owganystan boýunça kömek missiýasynyň we onuň işleriniň strategik taýdan gözden geçirilmegini kämilleşdirmek maksady bilen” şu hepdede Kabula sapar etdi.

Bu aralykda amerikan prezidenti Donald Tramp 13-nji iýunda goranmak sekretary Jim Mattise esgerleriň san derejesini kesgitlemäge hukuk bermek bilen Owganystandaky amerikan ýaragly güýçleriniň sanynyň artdyrylmagyna ýol açdy.

Owganystanda amerikan we halkara güýçlerine ýolbaşçylyk edýän goşun generaly Jon Nikolson şu günden başladyp özüne “birnäçe müň” goşmaça esger gerekdigini aýdýar.

Pentagonda gürrüňi edilýän esgerleriň sany 3000 bilen 5000 aralygynda, bularyň hem bir bölegini Birleşen Ştatlaryň ýaranlarynyň üpjün etmegi mümkin.

Trampyň Owganystanda 15 ýyl bäri barýan urşy dowam etdirmek üçin, has giň harby ygtyýarlyk bermek baradaky karary onuň üstümizdäki ýylyň başlarynda Yrakda we Siriýada amerikan güýçlerine ýolbaşçylyk edýän generallara has köp ygtyýarlyk bermeginden soňra bolýar

Mattis golaýda Birleşen Ştatlar tarapyndan goldalýan owgan güýçleri “Talyban” toparyna garşy uruşda ýeňiş gazananok. “Talyban” häzirki wagtda barha ýokarlanmak bilen diýip, Kongresde duýduryş berdi.

Ýaragly güýçler göz öňünde tutulan mukdarda artdyrylsa, onda olaryň sany iň ýokary derejede bolan 2011-nji ýyldakysyndan aşak bolýar. Şol sebäpden käbir resmiler esgerleriň sanynyň az mukdarda artdyrylmagynyň urşuň gidişini üýtgedip biljegini sorag astyna alýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG