Aşgabatda Täjigistanyň medeniýet günleri açyldy.
Türkmenistanyň we Täjigistanyň Medeniýet ministrlikleriniň bilelikde gurnan we Mukamlar öýünde geçirilen açylyş dabarasyna ýurt resmileriniň, Türkmenistandaky diplomatik missiýalarynyň wekilleriniň, döredijilik işgärleriniň gatnaşandygy habar berildi.
Täjigistanyň Türkmenistandaky medeniýet günlerine gatnamak üçin Aşgabada Täjigistandan şahyrlar, ýazyjylar, režissýorlar, hudožnikler we beýleki döredijilik wekilleri bardy.
Açylyş dabarasynda Täjigistanyň döwlet filarmoniýasynyň Akaşarif Juraýew adyndaky topary, Opera we balet döwlet akademiki teatryndan Şarofat Usmonowa, Täjigistanyň at gazanan artistkasy Parwin Ýusufi çykyş etdiler.
Täjigistanyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň çäginde “Aşgabat” kinoteatrynda çeperçilik we dokumental filmleri görkeziler.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!