Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurdundan aýrylan türkmen "Erkek lälesini" döretdi


Abdurahman Duyeji
Abdurahman Duyeji

Türkmensähraly metbugat işgäri hem edebiýatçy Abdurahman Düýeji ýurtdan aýrylmagyň özüni "Erkek lälesini" döretmäge itekländigini gürrüň berýär. Ol häzir Türkiýede ýaşaýar we Trakýa uniwersitetiniň Amaly-haşam sungatlary fakultetinde işleýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşginiň bu sanyny Türkiýedäki türkmen diasporasynyň döredijilik mümkinçiliklerine gönükdirýär.

Gepleşigiň myhmanlary türkmensähraly Dr. Abdurahman Düýeji we türkmenistanly migrant aýdymçy Öwez Türkiýedäki türkmen diasporasynyň döredijilik mümkinçilikleri, gazanýan üstünlikleri hem bu ugurda çekilýän kynçylyklar barasynda öz tejribelerini dünýä türkmenleri bilen paýlaşýarlar.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz.

Ýurdundan aýrylan türkmen "Erkek lälesini" döretdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG