Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak goşunlary Mosulyň köne şäherini yzyna almaga çalyşýar


Yrak esgerleri Mosul söweşinde
Yrak esgerleri Mosul söweşinde

Yrak komandiri goşunlaryň “Yslam döwleti” toparynyň soňky diregi bolan Mosulyň içine dyzaýandygyny aýdýar.

General-leýtenant Abdul-Amir Raşid Ýarallah Mosulyň Köne şäherini yzyna almak ugrundaky operasiýa Yragyň ýörite güýçleriniň, regulýar goşunyň we Federal Polisiýanyň gatnaşýandygyny aýdýar.

Bu hüjüm 18-nji iýunda başlandy. “Başdaky howa zarbalary gije ýarymlaryndan urlup başlandy. Howpsuzlyk güýçleri daňdan Köne şäheriň käbir böleklerine zabt etmäge baladylar” diýip, Nineveh operasiýalary komandasynyň bir ofiseri aýtdy.

“Yslam döwleti” topary Mosuly 2014-nji ýylda ele geçirdi we öz kontrollyk edýän ýerlerini “halyfat” diýip jar etdi.

ABŞ-nyň howa zarbalary bilen goldanylýan yrak güýçleri indi bir aý bäri şäheriň günbatar tarapyndaky Köne şäheri YD jeňçilerinden yzyna almak üçin söweşýär.

Günbatar Mosulyň gür ilatly we darajyk köçelerden ybarat Köne şäherini yzyna almak YD-nyň ozalky mesgenini tutuşlygyna yzyna almak nukdaý nazaryndan wajyp.

Köne şäherde 150 müň çemesi asuda ilat gabawda galandyr öýdülýär, jeňçiler olary adam galkany edinip ulanýarlar.

XS
SM
MD
LG