Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan: Bereketliler elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlygyndan kösenýär


Balkan welaýatyndaky elektrik transformatorlarynyň biri
Balkan welaýatyndaky elektrik transformatorlarynyň biri

Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýaşaýjylary tomsuň jokrama yssy günlerinde özlerine berilýän elektrik togunyň hiliniň pesliginden zeýrenýärler.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan Berekediň ýaşaýjylarynyň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu etrapda ilata berilýän elektrik togunyň hili günde dört-bäş sagat çemesi örän ýaramazlaşyp, hatda ondan peýdalanyp bolmaýan halatlary-da bolýar.

“Her gün ortaça ir sagat 7:00 bilen 9:00 aralygynda we giçlik 18:00 bilen 20:00 aralygynda elektrik togunyň güýji aňrybaş derejede peselýär. Şonda elektrik energiýasyny tas ulanyp bilmeýäris diýen ýaly. Bir gije-gündiziň dowamynda dört-bäş sagatlap sowadyjylary, split sistemalaryny işledip bilemizok. Tomsuň jokrama yssy günlerinde beýle kynçylyklar ýahdanlardaky azyk önümleriň zaýalanmagyna getirýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň tutulmazlygyny soran Bereket etrabynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Onuň bellemegine görä, Bereketiň ýaşaýjylarynyň ençemesi bu mesele boýunça ýerli häkimliklere we elektrik energiýa edarasynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenende, olar munuň etrapdaky suw arassalaýan zawoddan welaýatyň uly senagat şäherlerine suwuň ugradylmagy we onuň ilata berilýän elektrik togunyň hasabyna amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdypdyrlar.

“Resmiler bize bu ýagdaýyň suw arassalaýan zawoddan uly göwrümli turbalar arkaly Nebitdaga, Krasnowdskä we Çelekene suwuň ugradylmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar. Biz ‘ilat üçin niýetlenen elektrik transformatoryndan peýdalanmagyň deregine, näme üçin täze transformator guraňyzok?’ diýip sorasak, ‘onuň gurluşygy üçin uly maliýe serişdesi gerek. Şol maliýe serişdesi hem häzirlikçe döwlet býujetinde göz öňünde tutulmadyk. Şeýle plan hem ýok’ diýip, jogap berdiler” diýip, Bereketiň ýaşaýjysy aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça, Bereket etrabynyň häkimligi we elektrik energiýasyna gözegçilik edýän edarasy bilen habarlaşanda, bu barada haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Emma ýerli ýaşaýjylar indi ençeme ýyl bäri gaýtalanyp gelýän bu ýagdaýyň özlerine ýaramaz täsir ýetirýändigini, sowadyjy we beýleki elektrik enjamlarynyň hatardan çykýan ýagdaýynyň köp bolýandygyny aýdýarlar.

Aýdylyşyna görä, soňky aýlarda adamlar bu ýagdaýdan çykalga hökmünde, öz jaýlary üçin kiçi transformatorlary satyn alyp, şolardan peýdalanyp başlapdyrlar. Emma ýerli häkimiýetleriň adamlaryň bu çykalgasynyň öňüni almak üçin hem öz gözegçiliklerini güýçlendirendigi aýdylýar.

“Etrabyň elektrik togyň ulanyşyna gözegçilik edýän edarasynyň işgärleri öýlere aýlanyp, jaýlarynda 200 kilowat derejesinde elektrik togy güýçlendirýän transformatorlary goýan ýaşaýjylara azyndan 500 manat möçberinde pul jerimesini salýarlar” diýip, bereketli ýaşaýjy aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda ilatyň elektrik togy bilen üpjünçiliginiň kadaly ýola goýlandygyny, täze elektrik stansiýalarynyň gurluşygy üçin ummasyz maliýe serişdeleriniň goýberilýändigini, bu babatda köp tagallalaryň edilýändigini tekrarlasalar-da, ýurtda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň pesligi, şol sanda toguň zol-zol kesilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýyň dürli şäherdir etraplarda ýüze çykýandygyny Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylar habar berýärler.

XS
SM
MD
LG