Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda onlarça resminiň tussag edilendigi aýdylýar


“Bu pudakda emele gelen ýagdaý manadyň hümmetiniň gaçmagynda ‘günäkärleriň tapylmagy’ bilen, Ministrler kabinetiniň 6 aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde aýan ediler”. Arhiw surat
“Bu pudakda emele gelen ýagdaý manadyň hümmetiniň gaçmagynda ‘günäkärleriň tapylmagy’ bilen, Ministrler kabinetiniň 6 aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde aýan ediler”. Arhiw surat

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda korrupsiýa garşy ählihalk göreşini yglan etmegi, şeýle-de geçen aýdan bäri Korrupsiýa we parahorluga garşy göreş boýunça ýörite komitetiň işläp başlamagy bilen, ýurtda hökümet we bank resmileriniň onlarçasynyň tussag edilendigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmeleriniň berýän gürrüňlerinde görä, Daşary ykdysady aragatnaşyklary bankyndan, Senagat täjirçilik bankyndan bikanun dollar konwertasiýasyna gatnaşmakda aýyplanyp, azyndan 30-40 işgär tussag edilipdir.

Mundanam başga, welaýatlarda hem bikanun dollar konwertasiýasy, karz-kredit bermek boýunça bank işgärleriniň işleri derňelýär we onlarça adamyň basylmagyna, işden boşadylmagyna garaşylýar.

“Bu pudakda emele gelen ýagdaý manadyň hümmetiniň gaçmagynda ‘günäkärleriň tapylmagy’ bilen, Ministrler kabinetiniň 6 aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde aýan ediler” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ýokary derejeli türkmen resmisi Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Onuň sözüne görä, häzir garşysyna iş açylan bank işgärleri “başlaryny beladan sypdyrmak üçin”, tanyş gözläp, MHM-niň, Baş prokuraturanyň... işgärlerinden “hossar” gözleýärler.

Türkmen resmisiniň Azatlyk Radiosyna gürrüň berenlerini resmi çeşmelere tassyklatmak başartmasa-da, Azatlyk Radiosynyň türkmen häkimiýetine golaý başga ýene bir çeşmesi ýokarda beýan edilenlere çalymdaş informasiýany berdi.

Ol ýurduň Salgyt gullugynyň we “Daýhanbankynyň” işgärleriniň, aglaba ýagdaýda bölüm müdirleriniň we orunbasarlarynyň, onlarçasynyň tussag edilendigini aýdyp, olaryň-da bikanun dollar konwertasiýasyna gatnaşmakda aýyplanýandyklaryny sözüne goşdy.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri hem Korrupsiýa we parahorluga garşy göreş boýunça ýörite komitetiň esaslandyrylmagy bilen ýurduň regionlarynda hem ýokary derejeli emeldarlaryň tussag edilip başlanandygy barada maglumat berýär.

Neşir öz çeşmelerine salgylanyp, geçen hepdäniň dowamynda Lebap welaýatynda 11 adamyň: häkimligiň, banklaryň we prokuraturanyň işgärleriniň; şeýle-de Daşoguz welaýatynda dürli hökümet edaralarynyň düzüminden 15 adamyň tussag astyna alnandygyny habar berýär. “Türkmenistanyň hronikasy” tussag edilenleriň aglabasyna üstünden 2-3 ýyl geçen işler boýunça aýyplama bildirilýändigini belleýär.

Ýeri gelende ýene bir gezek nygtap geçsek, ýokarda gürrüňi gidýän ýagdaýlary degişli türkmen resmilerine ne inkär etdirip, ne-de tassykladyp boldy. Bular barada türkmen mediasynda hem kelam agyz söz aýdylmaýar.

Ýatlatsak, 12-nji maýda türkmen hökümetinde korrupsiýa aýyplamalary bilen ýokary derejeli resmileriň onlarçasy tussag edilipdi. Şol pursat, döwlet mediasynda wideokameranyň öňünde toba edýän, özüni ýazgarýan onlarça adam, ozalky prokuratura işgärleri we emeldarlary, olaryň ‘bikanun ýol bilen gazanan’ hem-de döwlet haýryna geçirildi diýilýän emläkleri, pullary görkezilipdi.

Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmesiniň beren maglumatyna görä, bu tussag etmeler hukuk goraýjy organlaryň işgärleriniň öýlerinden tapylan uly möçberdäki pul we şol bir wagtda prezidentiň “Aziada-2017” serişde toplamak barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezligi bilen bagly bolupdyr.

Ekspertler Türkmenistanyň energiýa nyrhlarynyň aşak gaçmagy bilen garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýyldan-ýyla dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda agzalyp gelinýär.

XS
SM
MD
LG