Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Raýatlaryň awtoulag belgileri duýduryşsyz aýrylýar


Aşgabadyň Parahat-7, Parahat-8 etrapçalarynda awtoulaglarynyň belgileri duýduryş berilmezden aýrylyp başlandy.
Aşgabadyň Parahat-7, Parahat-8 etrapçalarynda awtoulaglarynyň belgileri duýduryş berilmezden aýrylyp başlandy.

Aşgabadyň Parahat-7, Parahat-8 etrapçalarynyň ýaşaýjylarynyň awtoulaglarynyň belgileri döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri tarapyndan, duýduryş berilmezden goparlyp alnyp başlandy.

19-njy Iýun güni irden öz awtoulaglaryny münmekçi bolan onlarça ýaşaýjylar awtoulaglarynyň belgisiniň ýoklygyny görüp, aljyrap başladylar.

Parahat-7 etrapçasynyň ýaşaýjysy, bir sürüji zenan, öz awtoulagnyň belgisini kimiň alandygyna göz ýetirip bilmän, ilki bilen uçastok polisiýa bölümine ýüz tutandygyny, ol ýerden üç çykmansoň, Aşgabadyň döwlet awtoinspeksiýasyna baryp, öz maşyn belgisiniň döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri tarapyndan alnyp-alynmandygyny anyklamak islände oňa, “heniz bize şeýle belgini tabşyrmadylar, öz etrap polisiýa bölümňize ýüz tutuň” diýip jogap berendiklerini, etrap polisiýa bölüminde hem onuň awtoulag belgisiniň ýokdugy anyklandan soňra sergezdan bolup, uzakly gününi maşynynyň ýanynda oturyp geçirendigini , emma günüň ahyryna çenli hem hiç bir anyk maglumat tapmandygyny aýdýar.

“Geçen hepdäniň anna güni döwlet ýolbaşçysy dikuçarda Aşgabadyň depesinde aýlaw edenden soňra, ilaty kösemek üçin ýene bir hokga çykaryljakdygyna ilat köpçüligi garaşypdy. Ynha, bu gün şol garaşylan hokga ilatyň depesinden indi “ diýip, Parahat-7-niň ýaşaýjysy, 55 ýaşly işçi Anna hem söhbetdeşlige goşulýar.



Onuň aýtmagyna görä, şäheriň dürli künjeklerinde ýaşap oturanlaryň jaýlary ýumrulyp, täze mikroraýona göçürilen ilat köpçüligi üçin indi 5 ýyl bäri ýöriteleşdirilen awtoduralga gurulmandyr.

Her birinde 120-den gowrak öý bolan bu 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylary jaýlaryň öňünde awtoulaglaryny goýýarlar. Emma awtoulaglara görä jaýyň öňi darlyk edensoň, ulaglaryny jaýlaryň daş-töwereginde hem goýmaga mejbur bolýarlar.

Ýaşaýjylara hiç bir duýduryş bermezden, döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri ilatyň awtoulaglarynyň belgilerini sypyryp başlapdyrlar. Olar muny jaýyň uly magistral ýola çykýan tarapynda awtoulag goýmaly däldigi bilen düşündiripdirler.

“Awtoulaglaryň jaýyň uly magistral ýol tarapynda goýulmagy, onyň gadagan edilen ýerlerde goýulmagyny görkezýär. Rugsat berilmeýän ýerde awtoulagyny goýan sürüjilere bolsa 300 manat möçberinde jerime salynýar” diýip, Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda awtoulaglaryň belgisini sypyryp ýören döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleri ýaşaýjylara düşündiriş beripdirler.



Näme sebäpden hiç bir duýduryş berilmezden awtoulaglaryň belgileriniň sypyrlyp başlanandygyny soran ýaşaýjylara bolsa, “ Bize şu gün ýolbaşçylar tarapyndan şeýle görkezme berildi, biz görkezmäni ýerine ýetirýäris” diýip, awtoinspeksiýanyň işgärleri jogap beripdirler.

“Men irden öz awtoulagymda işe gidýärin, agşam giçden soň hem öýüme gaýdyp gelýärin. Men öýe dolanýançam, jaýyň öňünde awtoulag goýmaga ýer tapylmaýar, şeýle ýagdaýda men jaýyň golaýynda maşynmy goýmasam, ony nirede goýmaly? Ol çaga oýunjagy däl ahyryn, öýe salar ýaly “ diýip, işçi Anna janygýar.

Awtoulagyň belgisini gözläp, şäher awtoinspeksiýasyna barsaň, ol ýerde oturan işgärleriň “maşyn belgiňizi reýde çykan işgärlerden soraň”, diýýändiklerini, reýtde gezip ýörenleriň bolsa, alnan belginiň kimdedigini hem aýdyp bilmeýändiklerini, şeýle ýagdaýda pesinden 3 gün sergezdan bolup, öz awtoulag belgiňi gözlemeli bolýandyklaryny, belgiň tapylaýan halatynda, onyň 300 manat jerimesiniň bardygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Bu döwletiň boşan gaznasyny doldurmak maksady bilen edilýän iş. Ilaty nädip talajakdyklaryny bilenoklar. Beýle-de gözçykgynçlyk bolarmy? Hany ilat üçin döredilen amatlyklar? Hany kanun?” diýip, awtoulagynyň belgisini aldyryp, ony tapman ýören ýaşaýjylar öz aralarynda gynançlaryny paýlaşýarlar.

XS
SM
MD
LG