Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan 40 ýaşyna ýetmedik raýatlaryň haja gitmegini gadagan etdi


Täjigistanly zyýaratçylar, 11-nji sentýabr, 2016
Täjigistanly zyýaratçylar, 11-nji sentýabr, 2016

Täjigistanyň häkimiýetleri 40 ýaşyna ýetmedik raýatlarynyň şu ýyl haç zyýaratyna Mekkä gitmegine gadagançylyk girizdi.

Täjigistanyň Dini meseleler boýunça komitetiniň 20-nji iýunda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, bu karar has uly ýaşly raýatlaryň zyýarata gitmek mümkinçiliklerini artdyrar, sebäbi Saud Arabystanynyň her ýurtdan barýan zyýaratçylaryň sanyna berk çäklendirmeleri göz öňünde tutulýar.

Emma ýurduň ençeme raýaty bu çäklendirmäniň sebäbini ýaşlaryň din taýdan radikallaşmagynyň öňüni almak boýunça synanyşykda görýärler.

Soňky ýyllarda Täjigistanyň hökümeti haja gidýän raýatlaryň ýaşyna degişli çäklendirmeleri girizipdi.2015-nji ýylda haja gitmek üçin Täjigistanyň raýatynyň 35 ýaşan bolmagy talap edilipdi.

Prezident Emomali Rahmonyň hökümeti esasan musulman dinli 8.5 million ilatly ýurtda dünýewi prinsipleri güýçlendirmegiň tarapynda çykyş edýär.

XS
SM
MD
LG