Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Senaty Orsýete garşy täze sanksiýalary girizmek kararyna goldaw soraýarlar


Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň başlygy Jon Makkeýn
Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň başlygy Jon Makkeýn

ABŞ-nyň Senatynyň liderleri wekiller öýüniň agzalaryny Orsýete we Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmek hakyndaky kanunyň taslamasyny goldamaga çagyrdylar. 20-nji iýunda Senatda bu kanuna päsgelçilik döredi.

Senatyň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň başlygy Jon Makkeýn Orsýetiň ABŞ-nyň saýlawlaryna täsir ýetmek boýunça güman edilýän hereketlerine jogap bermek boýunça çärelere wekiller öýünde mümkin boldugyndan tiz ses bermelidigini aýtdy we onuň geçen hepdede Senatda bolşy ýaly wekiller öýünde-de biragyzdan kbul ediljegine umyt baglapdy.

Emma Senatda iki sesiň garşy çykmagynda 98 ses bilen kabul edilen kanun wekiller öýüniň respublikan agzalary tarapyndan Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiň garamagyna berildi.

Şeýle-de, wekiller öýüniň liderleri parlament agzalarynyň kabul eden kanuny bilen bagly problemanyň tapylandygyny, sebäbi onuň hökümetiň girdejisine degişli islendik kararyň wekiller öýi tarapyndan teklip edilmegini talap edýän ABŞ-nyň Konstitusiýasyna garşy çykýandygyny aýtdylar.

Demokratlar respublikanlaryň kanuna garşy çykmagyny olaryň prezident Donald Trampa loýallygy bilen baglanyşdyrdylar.

XS
SM
MD
LG