Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Apple Maps - pul gazanmaga mümkinçilik döredýär


Apple Maps

Apple firmasy "Apple Maps" (kartalar) hyzmatyny has ýörgünli ýagdaýa getirmek üçin, ony ulanýanlardan kömek isleýär. Firma munyň üçin ony ulanýanlara pul hödürleýär.

"Apple Maps" hyzmatyny ulanýanlar ýerler, obýektler, olaryň atlandyrylyşy barada soralýan sowallara jogap berýärler. Olar kartadaky obýektleriň adyny we aýratynlyklaryny ulgama goşýarlar.

Üstünlikli ýagdaýda berjaý edilen her bir tabşyryk üçin, kartalar hyzmatyny ulanana "TryRating" atly web programmasynyň kömegi bilen 54 sent pul tölenýär. Ýöne her ulanyjynyň bir hepdäniň dowamynda jogaplaýan sowallarynyň sany 600 bilen çäklendirilýär. Şol bir wagtyň özünde olaryň iş sagady hem hepdelik 20 sagat bilen çäklendirilendir.

Erkin ýagdaýda işleýänler 200 sahypalyk karta hyzmatyna baha bermek üçin taýýarlanan pikir soralyşygy doly berjaý etmelidir.

Apple firmasynyň bu aý tapawutly tabşyryklaryň berjaý edilmegi üçin, täze enjamlar bilen kadalary hyzmata girizjekdigi hem aýratyn habar berilýär.

"Apple Maps" hyzmaty 2012-nji ýylda halka hödürlenenden bäri takyk däldigi öňe sürlüp, ýygy-ýygydan tankytlanyp gelýär. Ýöne firma hyzmaty kämilleşdirmek üçin, tagallalaryny tutanýerlilik bilen dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG